NÄZ, 1.Ýakymly, nepis duýgy bildiriş, oýun-kereşme, göz-gaş oýnadyş. Gaş kakyp, göz güldürip, Ýakma meni näz bilen (Ata Salyh, Saýlanan eserler). 2. Sypaýyçylykly bahana araýyş. Gyzy baryň näzi bar (nakyl).
NÄZENIN, [näzeni:n], Ýakymly görnüşli, gylyk-häsiýetli ýaş aýal maşgala. Meniň näzeninim gaty ýatan bolmaga çemeli (N. W. Gogolь, Eserler). Owadan ýüpek ýaglykly näzenin gyz Baýlynyň gözüne örän mähirli göründi (B. Gurbanow, Duşuşyk).
NÄZIK, 1. Inçeden edilen, nepis. 2. Ýaşajyk, terje, täzeje. Olaryň gözleri pyntyk ýaryp, näzik ýapraklar bilen bezenen agaçlary synlaýan ýalydy (A. Gowşudow, MähriWepa). 3. Mähirli, ýakymly. Hojaýyn kyrk ýaşly aýalynyň näzik ýüzünden ogşady (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Kupämiz ýaňlanýar nezik sesinden, Oň ýuwaşja aýdym aýdýan mahaly («Sowet edebiýaty» žurnaly). 4. Ynjyk, öýkelek. Näzik adam. 5. Tiz döwülýän, berk däl, port. Näzik agaç. Näzik gural. NÄZIKLIK, 1. Inçeden edilenlik, nepislik.2. Terlik, täzelik. Ýapragyň näzikligi. 3. Mähirlilik, ýakymlylyk. 4. Ynjyklyk, öýkeleklik. 5. Berk däl, portluk, döwlegenlik.
NÄZIKSIREMEK, Näz eden bolmak, näzli bolan bolmak.
NÄZI-NYGMAT, Dürli iýmitler, her hili tagamlar. Näzi-nygmat başynda Täze ýyllar toýlanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Stoluň üstündäki dürli gaplarda bolan jürbe-jür tagamlar, çüýşelerdäki dürli içgiler we başga näzi-nygmatlar göründi. (A.Gowşudow, MähriWepa).
NÄZIRGEMEK, 1. Näz etmek, näzli bolmak. Aýaly näzigräp aýtdy oňa: Wassyldan oturma, işiň bilen bol! («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Läliklik etmek, lälik bolmak, läliksiremek, sypaýyçylykly bahana aramak. Näzirgäp gürrüň etmek.
NÄZIRGENMEK, 1. Näzli bolmak, näzlenmek. 2. Lälik bolmak, sypaýyçylykly bahana aramak.
NÄZ-KEREŞME, Göz-gaş oýnatmaklyk, oýun-henek. Näz-kereşme bilen bakjaklaýan göz. Näz-kereşme etmek.
NÄZLI, 1. Näz-kereşmeli, mähirli, ýakymly. Polkownigiň aýaly näzli güldi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Näzli garaýyş. 2. Lälik gylyk-häsiýetli, sypaýyçylykly, bahanaly. |