NÄDOGRY, 1. Hakykata dogry gelmeýän, dogry däl, dogry bolmadyk, ýalan. Bularyň edýän işleriniň seniň göwnüňe nädogry ýerleri barmy? (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. Ýalňyş. Öten agşamky meseläni biz nädogry çözüpdiris (B. Kerbabaew, Aýsoltan).
NÄDOGRULYK, 1. Hakykata dogry gelmezlik, dogry dällik, dürs dällik. Nädogrulyk bilen hereket etmek. 2. Ýalňyşlyk. Meseläniň çözulişiniň nädogrulygy.
NÄDOGRUÇYLYK, ser. N ä d o g r u l y k. Bu romanda görnüp duran ideýa nädogruçylygy hem bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). |