SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NÄB

NÄW

NÄG

NÄD

NÄZ

NÄK

NÄL

NÄM

NÄR

NÄT

NÄU

NÄH

NÄÇ


NÄMAKUL [näma:ku:l], Kabul edip bolmajak, makül däl. Nämakul iş.


NÄME, 1. Haýsy zat, predmet, hadysa we ş. m. hakynda gürrüň gidýänligini görkezýän sorag çalyşmasy. Näme ekseň, şony orarsyň (nakyl).

2. Nähili, niçik. Ýeri oglan, Begenç, näme, birdenkä sesiňi tapba kesäýdiň! (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<> N ä m e (nä) körun bar — näme işiň bar, işiň ýok.


NÄMEJAL [nämeja:l], kön. s. Mejalsyz, ysgynsyz, güýçsüz, ejiz. Wüşi kel nämejal, ejiz göwreli, ýigrimi iki-ýigrimi bir ýaşlaryndaky ýigitdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NÄMÄLIM, 1. Mälim däl, belli däl, anygyna ýetilmedik, kesgitlenmedik, gümürtik.

Näme üçindir, nämelim bir gozgalaň ony heýjana salýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Tanyş bolmadyk, tanalmaýan, nätanyş. Nyýazbegiňkä nämälim bir myhman geldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Nämälim çalyşma —  ser.Çalyşma.

Işligiň nämälim formasy— işlikleriň soňuna «-mak, -mek» affiksleri goşulyp ýasalýan forma, infinitiw.


NÄMÄHREM, kön. s. Ýat adam, keseki. Ol aýalyň takwalygy, hudaýparazlygy, nämähreme ýüzüni görkezmeýäni hakykda dabara bilen gürrüň edişipdirler (Myraly).