SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜM

GÜM:  I) güm etmek — ýitirim etmek, ýok etmek, owarra  etmek;  2) g ü m    b o l m a k — ýitirim ýok bolmak, owarra bolmak. Ýyrtyjy   möjekler güm bolup gaçýar    (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


GÜMAN [güma:n],   Bir zat dogruda edilýen çak .

Guman    etmek — bir göreniňe meňzetmek,çak etmek, pikir etmek, pikir edip çaklamak. Dogry ýüz keşbinden hem güman etmek. bolýar (A. Gowşudow.Mähri—Wepa). Gije üzüm iýmäge  çykan kirpidir güman etdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÜMANA [guüa:na],  Boljagy-bolmajagy bälli däl, näbelli, ikuçly. Kysmatym ýazyldy şeýle, Görmegim

gumana boldy («Görogly» eposy). Hoşgeldi özüniň şu gün otla münjegini bu ikisine hem aýdyň aýtmandy,

diňe gümana edip goýupdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÜMANSYZ [güma:nsyz], Ikuçly däl, açykdan-açyk, hökman, takyk. Ählihalk  rewolýutsiýasynyň üstün çykjagy gümansyzdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) .


GÜMANSYRATMAK [güma:nsyratmak], Ikuçly etmek, näbelli etmek. Gümansyradyp jogap bermek.

<

GÜMMEZ, Käbir jaýlaryň  metjitleriň we ş.m üstündäki gupba şekilli ullakan guberçek   we jaýlaryň özi, Oglanlar ýene biraz ýöräp, gümmez görnüşindäki giňişlik. ýere çykdylar ( N. Jumaew , Syrly gala).


GÜMMEZEKLEMEK , Gümmez ýaly bolup durmak! Maňlaýy sakar al atyň belent sagrysy gümmezleýärdi (B. kerbabaew, Aýsoltan). Diş-dyrnak bolup edinlen gümmezekläp oturan ak öý dargady. Esenaly çaýdan soň, garymyň içinde baýyr ýaly gümmezekläp galan bugdaýa syn etdi.  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim) .


GÜMMEZEKLEŞMEK, Gümmez ýaly bolşup oturmak. Anha, Halnazaryň hataryndaky ak öýler gümmezekleşip otyr (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜMMERÇEK, Gübýerilip duran ýer.


GÜMMI-SÜMMI: gümmi-sümmi   e t m e k — ynamsyz gürlemek, ýalan-ýaşryk sözlemek,  düşnüksiz bir zat aýtmak, hytdy-pytdy etmek. Ol ýene-de bir zat barasynda gümmi-sümmi etdi.


GÜMMÜK-SÜMMÜK, ser.  Gümmi-sümmi.


GÜMMÜLDI, ser. G ü m m ü r d i. Bu gezek gümmüldi  gaty erbet boldy (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly).


GÜMMÜR-GÜMMÜR,    Yzly-yzyna çykýan gümmürdi. Uzakda toplar gümmür-gümmür edip atylýardy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GÜMMÜRDEMEK,   Gümmurdili ses   döretmek,  yzly-yzyna atylmak   (top sesi we ş. m. barada).   Toplar gümmürdäp başlady  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Emma bu gümmürdäp çykan bolşewik toplarynyň sesleriniň Nazar baýyň gözüni tegeledýändigi mälim-di (A. Durdyew,   Saýlanan   eserler).   


GÜMMÜRDEŞMEK,    Top atylýan ýaly sesler çykyp başlamak, yzly-yzyna gümürdemek. Söweş meýdanyn-da top sesleri gümmürdeşip başlady — diýip, ol gürrüňini kesdi.


GÜMMÜRD1, Top atylanda we   ş. m.    emele gelýän güňleç ses. Şeýle bir haýbatly gümmürdi boldy, weli ýer bilen gök bile sarsdy    (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gümmürdi uzakdaky dagyň derelerinde-de ýaňlandy.


GÜMP -SAMP:  1) gümp-samp etmek — gepläniň-de ynamsyz geplemek, aýtjak zadyňy pert-pert aýdyp  gümmi-sümmi    etmek.  Ondan bir zat sorasaň,gümp-sümp eder  durar; 

2)   gümp-sampa urmak — bir zat aýtman, patarraka urmak, ugur tapdyrmsazlyk. Ol sözüniň soňuny gümp-sampa   urup, çykyp gitdi ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).


GÜMPÜLDEMEK, Gümpüldili ses emele gelmek, tüpeň atylandaky ýaly ses çykmak, atylyp gitmek. Gümpüldäp tüsse çykanda, Gurban wagşy bir ses etdi (R. Seýidow, Lebap gyzy). Tärim atyň sagrysyna gümpüldäp degdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜMPÜLDETMEK,  Gümpüldili, tüpeňiňki ýaly ses çykarmak, atmak.


GÜMPÜLDI, Tüpeň we ş. m. zat atylanda emele gelýän zarply ses, urulmak zerarly tüpeňinkä meňzeş çykýan zarply ses. Emma onuň teni gümpüldi bilen tiz öwrenişidi. Wagonlardan birine ot düşüp, snarýad gümpüldisi ýeri sarsdyrdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜMRA [gümra:], 1. Geplemän, sessiz-üýnsüz oturan, lal ýaly bolup oturan. Bu gürrüň gozgady gümra ýigidi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gezen — derýa, oturan — gümra (nakyl).

2. Bir zada aşa meşgul, öz işi bilen başyna gaý. Nury özbaşyna gümra bolup ýörändigi üçin, daşyndakylaryň näme işleýändiginden habary ýokdy ( N. Saryhanow , Saýlanan eserler).


GÜMREMEK, dial. Gübürdäp ýanmak, közügip ýanyp durmak (ot hakynda). Gemre ojakda gümräp ýanýar.


GÜMRÜK, Çet ýurt mallaryndan, harytlaryndan alynýan paç, pul. Biz harydymyzy siziň üstüňizden geçirsegem gümrük tölemýeris (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GÜMRÜKHANA [gümrükha:na], kön. s.Gümrük haky ýygnaýan adamlar üçin serhetde salnan jaý, tamožnýa.


GÜMÜRDI, Ondan-mundan, peýwagtyna edilýän mesaýy gürrüň. Ýakyndan gümürdi sesi gelýärdi.


GÜMÜRTIK, Gaty düşnükli bolmadyk, açyk bolmadyk, nätakyk, ynamsyz, şübheli. Bu nazaryň manysy gaty gümürtikdi (M. ÝU. Lermontow, Bizin zamanymyzyň gahrymany). Onuň gümürtik söz urşundan, ynamsyz garaşyndan onuň özüne müňkürlik edýändigini Alýoşa aňlady. Bizi indi gündelik gümürtik maglumatlar   kanagatlandyrmaýar. Jigitleriň onuň yzyna eyerjegi gümürtikdi (B. kerbabaew, Aýgytly  ädim).


GÜMÜR-ÝAMYR, Peýwagtyna, özara edilýän gürrüň, özara gürrüň. Birdenke bir näçe adamyň gümür-ýamyr sesi eşidildi (H. Ysmaýylow, Powestler). Hem şemallarys hem Mämmet bilen ýolda biraz gümür-ýamyr ederis («Sowet edebiýaty» žurnaly).