SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜT

GÜTLEMEK, Güt edip bir ýere zarply degmek, bat bilen bir zada urulmak. Sanýa kä ýerde  şyr takyr gary sowrup, giden buzly örküçlere gütläp degýärdi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GÜTLETMEK, Güt edip bir ýere zarply degirmek, bat bilen bir zada urmak, gütdüldili seslendirmek. Ol çalçany gapyda gütledip düşürende, Bibiniň üstüne-de edermenlik satjakdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bolduts-a meň başyma dilewar töwellaçy!— diýip, öz döşüme gütledip urandygymy hem ýumrugym agyrandan soň bildim (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GÜTÜRDEMEK, Gutürdili, gutur-gütür edip ses çykmak. Daşarda garyň üstünde biriniň gütürdeýän aýak sesi gelýärdi.


GÜTÜRDETMEK, 1. Gutürdili ses çykarmak.

2. göç. m. Gemrip iýmek, gemirmek. Oglanjyk ullakan tokga gandy gütürdedip otyr.


GÜTÜRDI, Garyň üstünden ýörelende, gaty zat gemrilende we ş. m. çykýan ses. Daşarda garyň üstünden ýöräp gelýäniň aýak sesiniň gütürdisi eşidildi.