SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜŇ

GÜŇ,  1. Ker hem lal. ÝA-da Hytaýmama bilen Jora güňden ýetäýdimikä?  (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).  Ýüpegi saklamasaň, ýüň bolar, gözeli   saklamasaň  — guň (nakyl).

2. göç. m. Aňkasy aşan.


GÜŇLEÇ, Ýognas çykýan ses, açyk çykmaýan ses. Tokaý tarapyndan gelen güňleç ses göz açyp-ýumasy salym kesildi (A. Gowşudow, Eserler). Suwuň güňleç sesi eşidilýärdi («Kolhoz günleri»). Tüpeňiň güňleç sesi obanyň içine ýaýrap gitdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).