SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜP

GÜP, Öwnüp edilýän gürrüň; güplemeklik. Ballynyň güpüni eşidgn gelin oňa bakan gözüniň gytagyny aýlady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜPBE, Şol bada, hasyr-husur, derrew, birden. Berdiniň güpbe ýadyna düşüp, uly ünjä gitdi («Mydam taýýar» gazeti). Görogly güpbe atdan düşdi («Görogly» eposy). Öweziň oglunyň doglan gününiň toýudygy Esenowyň güpbe ýadyna düşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÜPBERILMEK, Çişip tümmerilmek, gabarylmak, gübýerilmek. Galyň don geýip güpberilmek.


GÜPBERMEK, Çişip tümmermek, gabarmak, gübermek. Pagtaly galyň don geýip güpbermek.


GÜPBERTMEK,  Çişirip tümmertmek,  gabartmak.


GÜPBI, Pagtaly, gysga we galyň daşky geýim. Hoşgeldi güpbüsiniň ýakalaryny galdyryp, dik oturdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Olaryň ikisi hem pagtaly Jalbar, pagtaly güpbi, tilki derisinden gulakjyn geýnipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÜPBÜLDEMEK, Güp-güp edip ses çykmak, güpbüldili ses döremek.


GÜPBÜLDI, Ýumşak bir zada urulmak, degmek zerarly çykýan ses. Hamyryň güpbüldisi.


GÜP-GÜP: güp-güp etmek — yzly-yzyna güpbüldemek, lap-lap edip ýanmak, ot almak (ýalnyň sesi hakda). Çünki ol enjamlaryň güp- güp edip birden ot alaýmak häsiýeti bar («Tokmak» žurnaly).


GÜPJEK, Dört burçy däl-de, iki tarapy büzülen togalak ýassyk. Ejesi, onuň gapdalyna güpjek taşlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Artyk töwerege göz gezdirenden soň, düşegiň üstüne geçip, güpjege tirsegini berdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim),


GÜPLEMEK, 1. Çakdanaşa özüňi öwmek, öwnüp gürlemek, öwünmek. Ojagyn, başynda güplemegi kim oňarmaz öýdýärsiň?   (A.  Durdyew,  Saýlanan  eserler).   Çärjewi ýeke özüm hem alaryn — diýip güplän Eziz özüni oka bermän, atlylary bilen yzyna bakan serpikdi (B. Kýer babaew, Aýgytly ädim).

2. Batly degmek güpbüldil, seslenmek, ýykylmak.  Ol  tüpeňini gaçyrdy,  aradan. salym    geçmänke, özi    hem  güpläp gitdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Zyňlan. top güpläp onuň arkasyna degdi.


GÜPLETMEK, Bat bilen urmak,  güpbüldili ses çykarmak.   Biriniň  arkasyna  top  bilan güpletmek.


GÜPLEŞMEK, Öwnüp gürleşmek, öwnüşmek. Artyk şol karrikaturalary görende, biri-birlerine göwünleri ýetmän güpleşenlerini diňlände, Aşgabada gelene ökündi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜPÜRDEMEK, Güpürdili seslenmek, güpürdili ses çykmak, tapyrdamak. Ýer çaýkanyp, gök sandyrap güpürdäp, Frontlarda apy-tupan turýarmyş (B. kerbabaew, Aýlar). Çagalar bir salym güpürdediler, oýnap keýpden çykdylar.


GÜPÜRDETMEK, Gupürdili ses çykarmak, dükürdili seslendirmek, tapyrdatmak. Ikisi birden. güpürdedip darak urdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜPÜRDEŞMEK, Güpürdili seslenişmek, güpürdili sesler eşidilmek. Güpürdeşýän daraklaryň sesi eşidilýärdi. Oglanjyklar tamyň içinde güpürdeşýärdiler. Tans oýnaýanlariň güpürdeşýän aýak sesleri eşidilýärdi. Atlylar güpürdeşip geçip gitdiler.


GÜPÜRDI, Bir näçe atlaryň, adamlaryň we ş. m. aýaklaryndan çykýan tapyrdyly ses. Şol güpürdi at toýnagynyň güpürdisini ýada saldy. Atyň güpürdisine gara öýüň göwşülden kilimini serpip, içinden bir ýigit çykdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜPÜR-TAPYR, 1. Çaltlyk bilen edilýän hereket-den peýda bolýan güpürdili ses. Bu güpür-tapyra Baharyň ejesi oýanypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Birden, bir bada, hasyr-husur. Güpür-tapyr ýykylmak.


GÜPÜR-TAPYRLYK, Güpürdili hereket, tapyr-tupurlyk, başagaýlyk. Daşarda uly güpür-tapyrlyk hem gykylyk turdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).