SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜW

GÜWWÜLDEMEK,   Güwläp ses etmek, güwwüldili seslenmek, güwlemek.Güwwüldeýär deredäki sil ýaly.(N. Pomma, Saýlanan eserler).


GÜWWÜLDI, Maşyn, mehanizm we ş. m. hereket eden-de, top atylanda eşidilýän, çykýan ses. Onuň güwwüldisi ses-üýn alyşdyrar ýaly bolmady  (B. kerbabaew. Aýsoltan). Tüsse, duman, güwwüldiler içinde, polk barha ymtylýar öňe (B. kerbabaew, Aýllar).


GÜW-GÜW:  güw-güw etmek — yzly-yzyna güwwüldäp ses çykmak, yzly-yzyna güwwüldemek.Güw-güw edip, ot sowurýar toplarmyz («Sowet   edebiýaty» Žurnaly).


GÜWLEMEK, ser. Güwwüldemek. Gara ýel ýatar ýerde  ýatmady, Bütin gije joşan suw ýaly  ( N. Pomma , Goşgular).


GÜWLEMPAÇ [güwlempa:ç],  Uly-uly geplegen, bady-howa . 0l baryp ýatan güwlempaç adamdy.


GÜWLEMPAÇLAMAK [güwlempa:çlamak], Güýçli lowlap ýanmak  

2. göç.m. Gaty gyzmak (howa    hakda).Sürdepä   galan günuň ody güwlempaçlap ýanýardy.

(B.  kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜWLEŞMEK,  Ýerli-ýerden   güwwüldili ses çykmak. Uzagda atylýan toplaryň güwleşýän sesleri   eşidilýärdi.


GÜWÄ, ser. Ş a ýa t. Ynha-da şaýadym! — diýip, Aňňaly güwä tutundym (N. Pomma, Egri eýikmez). Mal-dünýä, hemme sany tükel bar, onsoň bularyň sözüne güwä boldy-da duruberdi («Görogly» eposy).


GÜWÄLIK, ser. Ş a ýa t l y k. Wezirlýeri güwälik. beriberdiler («Görogly» eposy). Güwälik etmek.


ÝE, Ýüňe we ýüňden edilen zatlara düşýän, daşy tüýjümik kiçijik möjek. Artygyň göwnüne gelşine görä, güýe degen meşige toşap guýan ýaly (B. kerbabaew, aygytly ädim).