SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜN

GÜN, 1. astro.Töwereginden Ýer, Aý we beýleki planetalar aýlanýan, Ýeriň ýüzüne ýagtylyk berýän asman jismi , planeta. Gyrgyn gün ýaňja batypdy (M. Ibrahimow, Ol gler).

2. Bir gije-gündiziň dowamyndaky wagt  aralygy, sutka. Ýene iki günden Moskwa gitýäris.

3. Hepdäniň aýyň we ýylyň dowamyndaky döredijilik işi bilen meşgul bolunýan belli bir wagt. Iş güni.

4. göç. m. Eklenç, durmuş, güzeran. Günüm üçin günimiň oglanyny allalaýaryn (nakyl).


GÜNAŞA [güna:şa], Bir gün geçirip, ikinji gün, arasyna bir gün salyp. Ol günaşa gelip, azyk alyp gidýärdi.


GÜNAŞYM [güna:şym], ser. G ü n a ş a. Olar günaşymdan gelip, günaşyma gidýändikleri üçin, guýynyň sowuk suwuny ýanjap-ýanjap içipdirler (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Günaşyma gitjek goýun Ýanjap-ýanjap suw içipdir (B. kerbabaew, Poemalar).


GÜNAŞYMLYK [güna:şymlyk], Bir günden artyk wagt aralygy üçin çaklanan, bir günden artygrak bolar ýaly. Çopan günaşymlyk azygy guýrugy jonnuk gök eşege ýükleýärdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜNBATAR,   1.  Älemiň dörtden  bir  tarapy, Gündogaryň garşysy we şol ugur, Günüň ýaşýan tarapy. Al-asmandan günbatara bakan yaňyja eňňit eden mähnet Günüň tomusky howry biraz öçen ýaly syzylýardy (B. kerbabaew, Aýsoltan). Maşyn depäniň üsti bilen gün-batar tarapa zymdyryldy (B. Purliew, Ilkinji gun).

2. geogr. Gundogaryň garşysynda ýerleşýän ýurtlar. Ýakyn Gündogar. Uzak Gündogar.


GÜNBE-GÜN, ser. Gün-günden. Günbe-gün biziň işimiziň depgini güýçlenýär. Günbe-gün zarpçylaryň sany artýar.


GÜNBE-GÜŇDEN, ser. Gün-günden. Günbe-günden beterläp, Artýardy meň azarym (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Raziniň güýji günbe-günden artypdyr (SSSR taryhy).


GÜN-GÜNDEN, Gün geldigiçe, günbe-günden, her gün, günsaýyn. Sotsialistik Watan gün-günden güýjedi, gülledi («Edebiýat»). Eziz han gün-günden örç alýardy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜNDE-GÜNAŞA [günde-güna:şa], Her gün diýen ýaly, gün aşyryp. Aýtguly hem günde-günaşa diýen ýaly olara baryp gaýdardy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GÜNDELIK, 1. Her günki, gündeki. Durmuşyň gündelik mäteçligi astynda zähmetkeş adamlar ezilýärdiler (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Meniň gündelik normamy ýerine ýetirip bilmedik wagtym boldumy? Mähriban partiýanyň gündelik aladasy netijesinde türkmen medeniýeti günsaýyn ösýär we rowaçlanýar. Är-heleý arasynda gündelik iş barada gyzykly gürrüňler edilýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Öýe berlen ýumuşlar we okuwçynyň ýetişigi boýunça alan bahasy goýulýan, bellenilýän depderçe. Okuwçynyň gündeligi örän arassa saklanypdyr.


GÜNDIZ [gündi:z], Gün doganyndan tä Gün ýaşana çenli bolan aralykdaky wagt, ertir bilen agşamyň aralygyndaky wagt. Gündiziň gyzgyn howry sowlup, gije salkynlaşypdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜNDIZKÖR [gündi:zkö:r], zool. Gyrga meňzeş, gijesine uçýan ýyrtyjy mele guş.


GÜNDIZLIK [gundi:zlik], Günüň çykyp duran wagty, gündiz çagy. Ýagty çyralar haly bilen bezelen tamy gündizlige aýlandyrýardy (B. kerbabaew, Aýgytly ädnm). Içi bezegli giň otag, içi gündizlik ýaly, (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÜNDOGAR, 1. Älemiň dörtden bir tarapy, Günbataryň garşysy we şol ugur, Günüň dogýan tarapy. Amyderýanyň gündogar kenarynda bir oba barypdyrlar (Myraly). Front sepgidi bolsa gündogar ýeňsäňde galýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

 2. geogr. Günbataryň garşysynda ýerleşýän ýurtlar.


GÜNDÜŞMEZ, Sygryň, goýnuň syňragynyň aralygyndaky çukanak ýer, atyň toýnagynyň syrt gapdalyndaky çukanak ýer.


GÜNEBAKAR, bot. Tegelek ýasy başly, sary gülli, çigidinden ýag alynýan ösümlik. Orta boýly bugdaýyň içinde egri oragy aýlap salýan orakçy, selçeň gögeren günebakar bilen sandaşdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Her ýerräkde gögeren günebakarlar ýüzlerini güne tutup durýardylar (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde).


GÜNEGARGAN [gunegarga:n], zool. Hažžygyň bir jynsy, kelpeze, gökdamak.


GÜNEÝ, Dagyň, depäniň we ş. m. gün düşýän tarapy.

Galanyň güneýinde oturanlar örän köpdi (A. Gowşudow. Powestler we hekaýalar).


GÜNEÝIK, bot. Çägesöw, aklaňlyk ýerde  bitýän inçejik ýaprakly, ak gülli ýabany ösümlik.


GÜNEŞ, 1. Gün düşýän ýer, gün düşýän tarap,günüň şöhlesi düşýän ýer. Hoşgeldi özüniň çüýşe bankalarda ösdüren ösümliklerini güneşe çykaryşdyrdy (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Güneşde durmak mümkin deldi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Günuň nury, şöhlesi. Güneş düşüp, doňak gary eredip, Mydamalyk gurulypdyr ýaz pasly (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Ýaz günleriniň ýalkymly güneşi şu jaýyň ilerki penjiresinden özüniň altyn nuruny şu gyzyň üstüne saçýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÜNEŞLEMEK, Güneşde oturmak, Günüň gyzgynyna ýylynmak. Sähediň güneşläp ýatan möjege duýdman baryp, çalasynlyk bilen onuň garnyny silkeçyndy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÜNEŞLI, Günüň şöhlesi düşýän, gün ýagtysy köp bolan. Men gazaply söweşlere güneşli Türkmenistadan geldim («Bahar»). Güneşli paýtagtym gözel Aşgabat («Sowet edebiýaty» žurkaly).


GÜNI, kön. s. Bir adamynyň köp aýaly bolsa, şo aýallaryň biri-birine bolan gatnaşygyny aňladýan

söz. Ol güni aýal ýaly iňirdäp, käte hem kak-sok edip Mamagüle azar ýamanyny berdi ( N. Pomma , Taýlz

hyzzyn). Günüm ünin günimiň oglanyny allalaýary (nakyl).


GÜNIN [güni:n], Bir günüň içinde, şol günüň  dowamynda, günübirin, Moskwa samoliot bilen gitseň günin barýarsyň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) Mara, ahala gidip gelmek üçin azyndan ýarym aý bolmasa, bir aý wagt gerekdi, häzir günin baryp gelýärin. (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Oba günin baryp gelmek.


GÜNLÜK, Bir gün hasaby, wagty bilen ölçenýän, hasaplanýan. Maňa bäş günlük azyk taýýarla («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Bir günlük ýola çyksaň, üç günlük azyk al (nakyl).

Bir günlük gazanç. Dört günlük iş.(nakyl).


GÜNLÜKÇI, Her günki eden işine görä hak alyp işleýän işçi, gündelik eden işi hasabyndan hak alýan talaban. Aýlykçylar, günlükçiler öz hojaýynlary bilen haklaşdyryljakmyş (A. Gowşudow, saýlanan eserler).


GÜNLÜKÇILIK,  Günlükçi   bolup işlemeklik,  günlükçiniň ýagdaýy. Gurt günlükçilik iş edip, onuň ýerin sürüp, munuň  otuny  ýatyryp  pul  gazanýar   (A.Gowşudow, Mähri—Wepa). Günlükçilik  edip  güzeran  görme örän kyn.


GÜNORTA,   1. Älemiň  dörtden  bir tarapy,  Demirgazygyň gabat garşysy we şol ugur, ileri. Indi olar beýik dagyň egrem-egrem jülgesi bilen dogry günorta baka ýöreýärdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Demirgazygyň garşysynda ýerleşýän ýurtlar, ýerler.

3. ser.  G ü n o r t a n.


GÜNORTA-GÜNBATAR, Günorta bilen Günbataryň


GÜNORTAN [günorta:n], Günorta çagy, günüň orta bolan wagty. Durdum günortanlar mekdep ýanynda, Çagalaryň şat sesine diň  salyp    («pioner»    žurnaly).


GÜNSAÝYN [günsa:ýyn], ser.  G ü n-g ü n d e n. Kolhoz başlygynyň  abraýy günsaýyn artýar   («Kolhoz  günleri»)


GÜNUZYN [günuz:n], Bütin bir günüň dowamynda, ertirden agşama çenli. Günuzyn işleýäris ýerlermizde («Mydam taýýar» gazeti), Günuzyn aw edipdir (R. Seýidow, Bagtlylar).


GÜNÜBIRIN [günübi:ri:n], Edil şol günün özünde, bir günde, arasyna gün salman. Şol habar günübirin daýhana baryp ýetdi. Gulluhanyts şol patarrakylary-da günübirin Artyga ýetdi. Polkownik şol habarlary oblastь naçalьnigine günübirin mälim edip durýardy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜNÜDEŞ, ser. G ü n i.


GÜNÄ, 1. Dine uýýan adamlaryň düşünjesine görä: şerigatyň düzgünini bozmaklyk.

2. Ýalňyşlyk, nädogrulyk bilen edilen hereket, ýazyk, etmiş. Ýoldaş Akmammedow, bu ýerde  meniň günäm näme? — diýip, ol sesini saňňyldadyp geplemek bilen ähli gynanjyny ýüze çykardy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Basýan günasini ýüzne bazladyp («Tokmak» žurnaly).

* Günä ýüklemek — boýnuna günä atmak, günä ýöňkemek.


GÜNÄKÄR, 1. Jenaýat iş eden, ýazykly, etmişli, günäli. Günäkär bolsaň, bir eýýäm jogapkärçalige çekerdik (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GÜNÄLI, ser. G ü n ä k ä r.

Günälits oduna bigünä ýanar (nakyl).


GÜNÄSIZ, Günäsi ýok bolan, ýazyksyz, bigünä. Artygyň gözünden ygtyýarsyz daman ýaş onuň günäsiz maňlaýynda tagma bolup galdy. Halnazary altmyş sekiz ýaşadyp, onuň on iki ýaşyny günäsiz neresse oglan hasap edip geçdiler-de, galan elli alty ýylyny arassalamaga başladylar (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜNÄSIZLIK, Günäsi ýokluk, bigünälik, ýazyksyzlyk. Olaryň ikisiniň hem ýüzlerine çagalykdaky günäsizlikleri gelip gondy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).