SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜÝ

GÜÝIDÜŞIK, Aňtap ahmalyna  salyş,  sapalak.


GÜÝDÜŞMEK: göze  güýdüşmek — duýdurman, bildirmän zady almak, ogurlamak we ş. m. iş etmek. Kimler satygç ynyň gözüne güýdüşip, ondan bir bölegi alyp gaçýar. Aşyryň gözüne güýdüşip, ogurlyk edýän ýaly çendan onuň ýüzüne bakdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜÝJELMEK, ser. Güýjemek. Güýjelýär synpy göreşler, Goralyň «Täze obany» (Mollamurt, Saýlanan eserler).


GÜÝJEMEK, 1. Güýji artmak, barha güýji köpelmek, gitdigiçe güýçlenmek, möwç almak, batlanmak. Adamyň tebigaty özgertmek ugrundaky göreşde biziň zamanamyzdaky ýaly güýjän wagty bolan däldir («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Barha gatalmak, gitdigiçe zoramak, bady artmak. Bu duýgy wagtyň geçmegi bilen peselmeýärdi, gaýtam barha güýjeýärdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


GÜÝZ, Ýylyň üçünji paslynyň ady. Güýz giripdi baglaryň ýapraklary saralyp başlapdy («pioner žurnaly). Ýöne weli, onuň tebigatynyň bahary, tomsy, güýzi, gyşy ýokdy («Sowet edebiýaty» žurnaly)


ÝZEK, ser. Güýzemik. Güýzek üzüm. Güýzek gýerne.


GÜÝZEMEK, Üzüm, gawun we ş. m, ösümliklýeriň bişmäge ýetişmeýän, giçki düwýän hasyly. Oňa girýän ýükler, daňylgy gülebentler güýzemik päeýendäki ýalydy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜÝZLÜK, Güýz ekilýän ekin, güýzüne ekilýän ekin. Güýzlük sogan ekmek üçin, joýalary tekizlediler («Mydam taýýar» gazeti). Ene mertler, Bejerip ýer, Güýzlük ekin ekýärler (R. Seýidow, Bagtlylar).


ÝLMEK, 1. Gyrkmak ýa öldürmek maksady bilen maly ýatyryp, dört aýagyny hem bir ýere getirip daňmak.

2. El-aýagyny baglamak, daňmak. Ikisinem güýlüp, suwa zyňalyň — Diýdilýer-de, üstümize eňdiler (N. Pomma, Saýlanan eserler).


ÝLÜNMEK, 1. Gyrkylmak ýa öldürilmek üçin dört aýagy daňylmak, güýlüp goýulmak.

2. Çolaşyp, turup bilmän ýatmak. Onuň dört aýaklydan ýeke eşegi bardy, ol gazygyna çolaşyp, güýlünip ýaňa-da, çolaşygyny aýyrmaýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Güýlünen güýçli iner dek, Çaryýar ýatyr bükülip (Çary Aşyr, Poemalar).


GÜÝMEMEK, Dürli sebäp, bahana we ş. m. zatlar bilen eglemek, wagtyny geçirmek, ünsüni özüňe çekmek. Birden çolarak wagt duş gelip, Mehinli ony güýmedi (B. kerbabaew. Aýgytly ädim). Aman, bar sen olary birneme güýme! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Kümüş gapyrjak).


GÜÝMENJE, Güýmenmäge sebäp bolýan zat, güýmenýer ýaly zat, iş. Bu uly adamlar güýmenje üçin oýnaýardylar (A. Gowşudow, Eserler). Ol tabak çekilýänçe özüne bir güýmenje tapdy.


GÜÝMENIŞMEK, Köp bolup güýmenmek, bilelikde güýmenmek, bir iş bilen meşgul bolşup durmak. Döwekçilýer öz işleri . bilen güýmenişip, dünýeden bihabardylar (A. Gowşudow, Eserler).


GÜÝMENMEK, 1. Bir iş bilen meşgul bolmak. Aýna şol wagt öýuň töründe güýmenip otyrdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Öýde orta ýaşa ýakynlaşan bir aýaldan başga jandar ýokdy, ol bir işe güýmenip otyrdy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. Wagt geçirmek, eglenmek. Ownuk-uşak zat aljak bolup güýmenmek.


GÜÝMEŇ-SÜÝMEŇ: güýmek-süýmeň etmek — näme üçindir eglenmek, az wagt saklanyp galmak, az wagt güýmenip tagapyl etmek. Näme guýmeň-suýmeň edip ýörsüň? Biriniň gelerine garaşyp, guýmeň-suýmeň etmek.


GÜÝÜRDETMEK, Güýürdili ses çykarmak, gütürdedip çeýnemek, iýmek (at, eşek hakda). Ýadaw atlar dürüşde oty güýürdedip çeýnedilýer (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜÝÜRDI, Mallar gaty zat iýende güturdäp çykýan ses.


GÜÝÇ, 1. Janly zatlaryň muskullar arkaly fiziki hereketi, täsir etmegi, şonuň ýaly hem, umuman fiziki ýa-da moral taýdan aktiw hereket etmeklige bolan başarjaňlyk, gurp, ukyp. Pursat tapan mahaly, it gaçjak bolup, bar güýji bilen bir tarapa baka özüni oklady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

 Güýji ýetmez göre galar (nakyl).

2. fiz. Hereketi emele getiriji, dörediji kuwwat, enýergiýa. Merkezden daşlaşýan güýç. Inýertsiýa güýji.

3. Bir zat öndürmeklige ýardam býerip biljek ähli enjamlar, gurallar, abzallar, gurp. Ähli güýji şu synaga hötde gelmege mobilizlemek gerek («Sowet Turkmenistany» gazeti).

4. Zarba, bat. Propeller aýlanyp girensoň güýje, Samoliot laçyn dek asmana galdy ( N. Pomma , Goşgular). 5. göç. m. Aň düşünje, başarjaňlyk.

Akyl güýç býerýer, güýç : (nakyl) .    


ÝÇ-GAÝRAT [güýç-gaýra:t],    Elde bar bolak ähli mümkinçilik,    başarjaňlyk,   kuwwat,   gaýrat.


ÝÇ-KUWWAT [güýç-kuwwa:t], Janly-jandarlayň öz  myştsalaryna zor salyp, fiziki gymyldy hereket  döretmeklik ukyby, gujur-gaýrat.


GÜÝÇLENDIRMEK, 1. Guýjüne güýç goşmak. güýjüni köpeltmek, kuwwatlandyrmak.

2. Derejesini galdyrmak, artdyrmak, batlandyrmak. Gurt bir hili ogurlygy taşlan ýaly etdi, emma kart oýnamasyny öňküsinden hem güýçlendiripdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

GÜR1ÇLENMEK,   1.   Güýçli bolmak,  güýji köpelmek, kuwwatlanmak. Adam otuz  ýaşlarynda has güýçlenýär.

2.  Barha  güýji artmak, güýjäp  başlamak, batlanm Birdenkä güýçlenip, älem-jahany gaplan uly ýel boldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Şondan soň bolsa Gurduň söweşjeňlik usuly öňküsinden hem has güýçlenidi   (A.   Gowşudow,   Saýlanan  eserler).


GÜÝÇLI, 1. Güýji köp bolan, kuwwatly, zor. Görogly iner dek güýçlüdi («Görogly» eposy).

2. Zarp, batly. Howa näçe ýakymly, mylaýym bolsa-da, bir g görseň, ýyldyrym çakyp, gök gübürdäp, güýçli çabga ýagyp dur ( N. Pomma , Sebäbini soň bildim). Güýçli ýeliň gamyş öýi dumly-duşa dagadyşy ýaly, olar-da pytrap gidipdirler (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GÜÝÇLÜLIK, 1. Güýji köplük, kuwwatlylyk. seniň şu wagta çenli Sowetde galmagyň, Sowete päsgel barmegiň seniň arkadaýanjyň güýçlüliginden hem meniň gowşak depremegimden boldy (B. kerbabaew, gytly ädim).

2. Zarplylyk, batlylyk. Depginiň güçlüligi. Dýerýanyň akymynyň güýçlüligi.


GÜIÇSÜZ, 1. Güýji bolmadyk, güýji az bolan, kuwatsyz. Iň güýçsüziň güýçlülerden hökümi zor (matal).

2. Zarply bolmadyk, gowşak, çala, ýuwaş. Güýçsüz . Güýçsüz akýan suw. Güýçsüz depgin.


GÜÝÇSÜZLIK, 1. Güýji azlyk, kuwwatsyzlyk, zarply dällik, gowşaklyk. Akymyň güýçsüzligi.