SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜZ

GÜZAP [güza:p], Agyr kynçylyk, jebir, sütem, zulum, azap. Örän köpdi baýlaň eden güzaby (N. Pomma, Saýlanan eserler). Sen maňa munça güzap etme! (N. Pomma, Egri eýikmez).


GÜZER, Suw akýan çaýyň, ýabyň we ş. m. mal-gara inýer ýaly ýalpagrak ýeri, geçelge, olum. Ol gyz küýzesini güzeriň gyrasynda goýup, töweregine garanjaklady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Gyz ýaňy başlan bir atyz jöweniň, içini kesip, çukur güzere baryp girdi ( N. Pomma , Sebäbini soň bildim).


GÜZERAN [güzera:n], Ýaşaýyş oňşugy, gün geçirme, eklenç, ýaşaýyş, durmuş. Her kimiň öýi, islegi, durmuşy, güzerany hem başga (B. kerbabaew, Aýsoltan). Myraly baş wezir bolandan soň, ilatyň ýagdaýyna, güzeranyna göz aýlap başlan eken (Myraly).


GÜZERANÇYLYK [güzera:nçylyk], Durmuş ýagdaýlary, eklenç görme, ýaşaýyş. Eklenç güzýerançylygyn-da welin, biri-birine söýenişmek yokdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÜZZÜLDEMEK, Güzzüldili ses çykmak, güzzüldili seslenmek.


GÜZZÜLDI, Maşyn we ş. m. ýörände çykýan ses. Emma ýakynlaşýan otlynyň yognas gudogyndan hem güzzüldisinden ýaňa biz onuň soňky aýdan sözlerine oňat düşünip bilmedik. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÜZLEMEK, 1. Güzzüldäp seslenmek, güzzüldäp ses çykarmak (maşyn, motor we ş. m. sesi hakda). Niredendir maşynyň güzläp sesi eşidaldi.

2. Işläp, ýöräp durmak, hereket etmek. Onuň öýünde bolsa radio-priýomnigi güzläp dur («Tokmak» žurnaly).


GÜZLETMEK, 1. Güzzüldili ses çykartmak, güzläp ses etdirmek. Şofýor maşyny güzledip gitdi.

2. Hereket etdirmek, işletmek, ýöretmek.


GÜZÜRDEMEK, ser. Güzlemek. Üsti brezent bilen örtülen «ZIL—150» kysymly awtomaşyn takyr yol bilen güzürdäp barýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÜZÜRDETMEK, ser. Güzletmek.