SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KOFE, 1. Tropiki ýurtlarda bitýän kofe agajynyň dänesi. 2. Şonuň ýaly dänäniň unundan edilen içgi we şonuň uny. Kofe süýji bolsun diýseň, şeker gandyny goş («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOFEIN, farm. Kofe dänesinden we çaý ýapragyndan alynýan narkotik jisim. Has mälim alkoloidlerden hininiň, kofeiniň, kokainiň we morfiniň atlaryny mysal getirmek bolýar («Mydam taýýar» gazeti).


KO'FTA, Guşaklyga çenli uzynlykdaky aýal geýimi. Onuň ýaşyl ýüň koftasy bardy (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler).


KOÇEGAR, Bug gazanlarynyň aşagyna ot ýakýan işçi. Onuň özünden sorasaň, «koçegardyryn» diýer ( E Kerbabaew , Aýgytly ädim).