SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KONWE'ÝER, teh. Köpçülik bolup ýerine ýetirilýän bir işi bir işçiniň öňünden ikinji işçiň öňüne eltýän, üznüksiz hereket edip duran mehanizm. Ýüpek senagaty kerhanalary saraýjy awtomatlardan we buglaýjy konweýer maşynlaryndan ybarat bolan agregaty aldylar («Ýaş kommunist» gazeti). Konweýer sistemasy örän çalt, örän öndürijilikli zat («Mydam taýýar» gazeti).


KONWOÝ, Adamlary gaçyrmazlyk ýa-da bir zady gorap saklamak üçin olaryň ýany bilen barýan ýaragly otrýad, adam. Ýalaňaç gylyçly patyşa konwoýlarynyň öňünde Artygyň aýaklary gandally barşy meniň gözümiň öňünden gidenok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Starşiý konwoý bize duýduryş beripdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KONGRES, 1. Halkara ähmiýeti bolan ýygnak, gurultaý. Bular studentleriň Bütindünýe III kongresine ýygnanypdylar («Pioner» žurnaly).

2. ABŞ-da we başga-da käbir ýurtlarda parlamentiň ady.


KONDENSATOR, fiz. Elektrik toguny ýygnamak, toplamak üçin enjam Kondensatorda bolan başga-da käbir alamatlary görkezmek gerek Köp ulanylýan kondensatorlaryň başga bir görnüşi — leýden   bankasdyr («Fizika kursy»).


KONDITER,   1. Süýji  zatlar    önümini taýýarlaýan, spetsialist. 2. Süýji zatlar önümçiligine we olaryň söwdasyna  degişli  bolan.  Konditer önümleriniň magazini. Konditer fabrigi.


KONDUKTOR, Otlulary bir ýerden ikinji bir ýere alyp barýan ýa-da  awtobuslarda ýolagçylara hyzmat edýän işgär. Men konduktor  bolup 26 ýyl işlänimden soň, pensiýa çykdym  («Mydam taýýar»  gazeti). Konduktor ýolagçylara oňat hyzmat edýär.


KONDUKTORLYK,    Konduktoryň   gulluk wezipesi ,käri.


KONKRET, Aýdyň,  açyk, anyk. Konkret adyny görkezmek gerek — diýip sorady   (N. Jumaew, Ak derek). Uly özgerişleri şekillendirýän konkret faktlar  oçerkde kän  («Sowet edebiýaty» žurnaly).     Çeper edebiýatda adam özüniň arzuw edýän, etmegi maksat edinýän durmuşyny konkret suratda görýär (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy).


KONKRETLEŞDIRMEK, Ayyklaşdyrmak, aýdyňlaşdyrmak, açyklaşdyrmak.  Şu goşguda   ýaş şahyr , özüniň saýlap alan temasyny konkretleşdirip bilmändir.(«Sowet edebiýaty» žurnaly). Meseläni konkretleşdirmek.


KONKRETLIK, Aýdyňlyk, anyklyk, açyklyk  Meseläniň konkretligi. Pikiriň konkretligi.


KONKURE'NT, Biri bilen bäsdeşlik edýän adam.


KONKURE'NTSIÝA, Has köp haýyr, peýda  görmeklik ,ugrunda kapitalistleriň öz aralaryndaky göreş, bäsdeşlik. Posad adamlary bilen üstünlikli konkurentsiýa edipdirler.(SSSR taryhy).


KO'NKURS, Ýaryşa gatnaşyjylaryň içinden iň gowularyny, ökdelerini saýlap almak üçin geçirilýen synag, ýaryş.   Onuň «Bäsdeşler» diýen ilkinji powesti 1944-nji ýylda  respublikan  konkursda baýrak aldy. (H. Ysmaýylow, Powestler). Hekaýalar üçin ýörite konkurs geçirildi.


KONSERW,  Konserwirlenen iýmit önümleri. Piotr Morozow konserw we çörek çykardy (A  Gowşudow, Saýlanan eserler). Gabitow bizi   konserw  edilýän tsehe äkitdi   («Sowet  edebiýaty» žurnaly). Mekgejöweniň dänesinden konserw, spirt almak bolýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


KONSERWATIW,  Özgerişe we  ösüşe, öňe gitmäge garşy bolan, könäniň tarapdary. Nikonyň buthana reformasy köşk begleriniň uly bolmadyk   konserwatiw toparynyň hem-de ýokary ruhanylaryň bir bölegi arasynda hem garşylyk görkezilmegine sezewar bolupdyr.(SSSR taryhy).


KONSERWATI'ZM, Köne düzgüniň garaýşyň tarapyny tutujylyk, konserwatiw garaýyşly ynamlar.


KONSERWA'TOR,  Ösüşiň öňe gitmegiň  duşmany, kopserwatiw reaktsion syýasy  partiýasynyň  çleni.


KONSERWATORIÝA, Ýokary sazçylyk mekdebi. Men Moskwa konserwatoriýasyna    girmäge söz berdim. ( G.Muhtarow, Pьesalar). Bu esere konserwatoriýanyň kollektiwi uly baha berdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KONSERWIRLEMEK,  Iýmit önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin ýörite gaba salyp goýmak, konserw etmek.


KONSI'LIUM, med. Agyr keseli kesgitlemek we bejermek  tärlerini tapmak üçin  wraçlaryň  maslahaty. Wraçlar meseläni konsiliumda ara alyp maslahatlaşmaga goýdular.


KONSONANTI'ZM, lingw. Bir diliň çekimsiz sesriniň sistemasy.


KONSPE'KT, Okalan lektsiýanyň ýa-da bir eseriň gysgaça ýazgysy ýa-da beýany. Konspekt ýazmak diňleýjiler üçin hökmany zatdyr («Türkmenistan kommunistik» žurnaly).


KONSPEKTIRLEMEK, Bir eseriň ýa-da lektsiýanyň mazmunyny konspekt edip gysgaça ýazmak, konspekt düzmek. Gije sagat ikilerde «Kapitaly» konspektirläp otyrdym (N. Jumaew, Ak derek). Marksizm-leninizm klassyklarynyň esasy işleriniň köpüsini diýen ýaly konspektirläp çykdy («Sowet edebiýaty» žuraly).


KONSTITUTSION, Konstitutsiýa degişli bolan,konstitutsiýa esaslanan, konstitutsiýa boýunça alnyp barylýan.


KONSTITUTSIÝA, Döwletiň esasy kanuny, döwlet gurluşynyň kanuny. Men kärim boýunça taryhdan we konstitutsiýadan okadýaryn («Tokmak» žurnaly). Ýaşasyn demokratik konstitutsiýa!


KONSTRUKTIRLEMEK, Bir zadyň koýastruktsiýasyny gurmak, döretmek. Fiziki abzallary konstruktirlemek («Mydam taýýar» gazeti). Demir-beton institutynyň işgärleri ýol gatlaklaryny barlamak üçin ulьtrasesli anyk priborlary konstruktirlediler («Mydam taýýar» gazeti).


KONSTRUKTOR, Konstruktirleýän spetsialist, konstruktirleýji spetsialist. Konstruktora köp sowal berýärler («Mydam taýýar» gazeti). Konstruktorlar hem Garagumy sizçe bilýändirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KONSTRUKTSIÝA, Maşynyň, desganyň we ş. m. sostawy we bölekleriniň özara ýerleşişi. Awtomobilleriň täze konstruktsiýalaryny döretmek («Sowet edebiýaty» žurnaly). Dürli konstruktsiýaly matematik maşynlaryň köpçülikleýin çykarylmagyny ýola goýmak bellendi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KO'NSUL, dipl. Öz döwletiniň we graždanlarynyň «bähbitlerini başga bir döwletiň ýerli häkimiýetleriniň öňünde goraýan wezipeli wekil. Serdaryň häkimiýeti iki konsulyň häkimiýeti bilen çalşyrylypdyr (Gadymy dünýä taryhy). Bu işler bilen konsul edarasy meşgul bolýar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


KONSULЬTA'NT, Öz hünärine degişli meseleler boýunça konsulьtatsiýa berýän spetsialist. Propagandistlar  konsulьtantlar we ştatdan daşary lektorlar teoretiki taýdan has taýýarlykly kommunistlerden çekilip alyndy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Konsulьtantlara we ştatdan daşary lektorlara başga ýumuşlar tabşyrmaly däldir («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).


KONSULЬTATSION, Konsulьtatsiýa ýoly bilen, konulьtatsiýa arkaly, konsulьtatsiýa berýän. Konsulьtatsion maslahat. Konsulьtatsion býuro.


KONSULЬTA'TSIÝA, 1. Bir spetsialistiň bir mesele boýunça berýän maslahaty. Ony Aşgabada konsulьtatsiýa  getirdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Şeýle maslahatlar berip durýan edara. Oglumy çagalar konsultatsiýasyna äkitdim.

3. Mugallymyň sapagy özleşdirmekde okuwçylara berýän kömegi. Şu gün tebigat sapagyndan konsulьtatsiýa bar.


KONSULЬTIRLEMEK,   Konsulьtatsiýa bermek. Studenti konsulьtirlemek.


KONTA'K,T, fiz. Gaty jisimleriň biri-birine galtaşmagy, birikmegi. Görýärmiň, kontakty açylan eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KONTE'KST, lingw. Belli bir tekstiň many taýdan gutarnykly düzülen bölegi. Köp manyly sözleriň sözlem içinde gelen wagtlarynda, manylarynyň düşnükli bolmagyna kontekst diýilýär (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy). Bu ýerde «tapdym» diýen sözi goşmak bilen terjimeçiler kontekstden daşlaşypdyrlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KONTINGE'NT, 1. Bir kollektiwi ýa-da topary emele getirýän adamlaryň sany, jemi. Mekdebiň okuwçy kontingenti boýunça halk hojalyk plany artygy bilen ýerine ýetirildi («Mugallymlar gazeti»).. Okuwçylar kontingenti 300 edilip bellendi.

2. söwda, ykd. Bir döwlete iberilýän ýa-da bir döwletden getiralýän harytlaryň ýokary normasy.


KONTORA, Hojalyk, maliýe işlerine degişli bolan edaralaryň, kärhanalaryň bölümleriniň umumy ady. Olar tirkeşip, kontora baka ugradylar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Men kolhoz prawleniýesiniň kontorasyna geldim (B. Pürliew, Ilkinji gün).


KONTRABA'NDA, Gizlinlik bilen döwlet serhedin-den haryt geçirmeklik ýa-da gaçak geçirilen haryt, gaçakçylyk.


KONTRABANDAÇY, Kontrabanda bilen meşgul bolýan adam, gaçakçy.

KONTRABANDAÇYLYK, Kontrabanda bilen meşgullakmaklyk, gaçakçylyk.

KONTRABA'S, Kemençe bilen çalynýan kirişli saz guraly.

KONTRAGE'NT, Şertnama esasynda öz üstüne belli bir borç alan adam ýa-da edara.

KONTR-ADMIRA'L, harby. Ilkinji kiçi admirallyk at we şol ady alan harby gullukçy.

KONTRA'KT, Ýazuw üsti bilen baglaşylan şertnama.

KONTRAKTA'TSIÝA, Belli möhletlerde we belli şertlerde bir zady almak ýa-da ulanmak üçin kontrakt baglaşylmagy.

KONTRAMARKA, Bir ýere girmek üçin biletiň ýerini tutýan talon. Antraktda kontramarka alyp, daşary çykdym.


KONTRATA'KA, Garşylyklaýyn hüjüm, garşylyklaýyn çozuş. «Gökleriň» kontrataka etjekleri ähtimaldy (K. Işanow, Watan üçin). Duşmanlar örän köp tanklary bilen ýene-de iki öwran kontrataka synandylar (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


KONTRIBUTSIÝA, harby, syýasy. Ýeňlen döwletiň ýeňen döwlete töleýän puly. Karfagen 50 ýylyň dowamynda Rime ägirt uly kontributsiýa tölemeli bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy). Iwan III kontributsiýa tölenmeginiň şerti bilen harby hereketleri bes edipdir (SSSR taryhy).


KONTROLÝOR, Kontrollyk edýän adam, kontrolь işi bilen meşgul bolýan gulluk wezipeli adam. Ýükümiň, hakykatdan hem kömelekdigini görüp, kontrolýor gyz aňk-taňk boldy («Mydam taýýar» gazeti). Ine, şol kärhananyň tehniki kontrollyk bölüminiň kontrolýorlaryna ýadygärlik üçin bir kitapçajyk iberýärin («Tokmak» žurnaly). Kontrolýor öz işine başlady.


KONTROLLYK, Barlag etmeklik, gözegçilik. Başlyk haýsy brigadada, haýsy işiň hiline kontrollygy güýçlendirmglidigini ýatlady. Ana, bu dogry gep, kontrollyk gowşakdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KONTRO'LЬ, Barlag etmek maksady bilen geçirilýän gözegçilik, barlag. Gündelik kontrolь edip durmaga sowete mümkinçilik berer («Pioner» žurnaly).

<> Kontrolь iş — ser. I ş. Kontrolь işlerini wagtynda geçirmeli («Tokmak» žurnaly).


KONTRRAZWE'DKA, Duşmanyň razwedkasyna, şpionaža, diwersiýa we şulara meňzeşlere garşy göreşýän gurama. Aklar kontrrazwedkasy Garagöz işanyň webalyny Ezize tabşyrdy. Ol heniz Iwan Timofewiçiň öýüniň duşuna ýetmenke, kontrrazwedka agentleri ony tutdular (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KONTRRAZWEDKAÇY, Kontrrazwedkada işleýän adam

KONTRREWOLÝUTSION, syýasy. Kontrrewolýutsiýa degişli bolan.


KONTRREWOLÝUTSIONER, syýasy. Kontrrewolýutsiýa gatnaşyjy, kontrrewolýutsiýanyň tarapdary. Bizin Zakaspi oblastymyzda-da kontrrewolýutsionerleriň aýak üstüne galmaklary mümkin (B Kerbabew, Aýgytly ädim).


KONTRREWOLÝUTSIÝA, syýasy. Öz möwritni geçirip barýan ýa-da ýykylan synplaryň rewolýutsiýanyň garşysyna, rewolýutsiýadan ozalky tertipleri dikeltmek ugrunda alyp barýan reaktsion göreşi.


KONTRURGY, Garşylyklaýyn urulýan zarba, zarba garşy zarba.


KONTUZIÝA, Bedene şikes ýetmezden beýni sarsmaklyk beýnä şikes ýetmeklik.


KO'NUS, 1. mat. Gönüburçly üçburçlugyň bir katetiň töwereginde aýlanmagy netijesinde emele gelýän geometrik jisim. Iki gapdalynda barýan gämileň Sallanip görünýär, konus gendele (Ş. Boolkakow, Kaspi kenarynda). Esaslary birikdirilen tsilindr we konus şekilinde geçiriji ýasamaly («Fizika kursy»). 2. Şu formadaky predmet.


KONFDERA'TSIÝA, Jemgyýetçilik guramalarynyň ýa-da döwletleriň birleşigi, soýuzy.

KONFERANSЬE', Estrada kontsertlerinde programma nomerlerini yglan edýän artist.

KONFERE'NTS-ZA'L, Dabaraly mejlisler, konferentsialar geçrilýän uly jaý, zal.


KONFERE'NTSIÝA, Bir döwletiň ýa-da guramanyň wekilleriniň ýygnagy. Parahatlyk tarapdarlarynyň Bütinsoýuz konferentsiýasyna gidýän Aýsoltan samoliota münmäge taýynlanýardy (B Kerbabaew, Aýsoltan). Alty gezek okyjylar konferentsiýasy geçirilipdir («Sowet Turkmenistany» gazeti).


KONFISKA'TSIÝA, Bir adamyň emlägini döwletiň haýryna mejbury suratda almaklyk. Öý goşlaryny konfiskatsiýa etmek.


KONFISKLEMEK, Biriniň emlägini döwletiň haýryna mejbury suratda geçirmek, almak. Şu ýygyndy çykansoň, ony patyşa häkimiýetleri konfisklediler we otladylar (W. I. Lenin, Gysgaça biografiýa).


KONFLI'KT, Dörän agzalalyk, uly çaknyşyk, dawa. Gorьkiniň rewolýutsion-romantikasynyň möhüm aýratyklyklarynyň biri hem onda ýiti konfliktleriň barlygydyr («Häzgrki zaman edebiýaty»). «Göterilen tarap» romanynyň konflikti oba zähmetkeşleriniň, synpy duşmanlara garşy alyp barýan göreşi esasyn-da düzülýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KONTSENTRA'T, Gury görnüşdäki taýýar iýmit, önüm.


KONTSENTRIK, mat. Umumy merkezi bar bolan, umumy merkezi. Kontsentrik töwerekler.


KONTSERT, Saz we beýleki eserleriň köpçülik öňünde ýerine ýetirilmegi. Şu gün agşam seniň bilen kontserte gidäýseks nädýär (B. Purliew Ilkinji gün). Rodiodan kontsert berilmäge başlady («Kolhoz günleri»).


KONTSERTMEÝSTER, Orkesterde ýerine ýetirijeleriň ýolbaşçisi. Motsart Zalsburgda  köşk kapellasynyň kontsertmeýsteri bolup gulluk edýär («Pioner»žurnaly).


KONTSLAGERЬ, Kontsentratsion lagerь, harby tussaglar we sotsial taýdan gorkuly adamlar saklanýan ýer.


KONЪÝUNKTIWIT, med. Gözüň nemli bardasynyň çişme keseli.


KONЬÝA'K, Üzüm spirtinden ýasalan içgi. Mämlet öňüne alan üç sony rýumkajygyna konьýak guýdy. (N. Saryhanoz, Saýlanan eserler). Rýumkalara konьýak guýuşdyryp çykdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).