SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KORA'BLЬ. Deňiz gämisi. Güýçli ştorm korabllara duralga bolup hyzmat edýän buz meýdanynyň kenaryny weýaran etdi («Mydam taýýar» gazeti). Ýogsam korably agdararsyňyz — diýip, ýaş elektrik montiory Sokolow aýdýardy («Pioner» žurnaly).


KORDO'N, harby. Serhet saklaýjy ýa-da öňüni tutujy otrýad.


KOREÝALYLAR, Koreýanyň esasy halky, ilaty.


KORZI'NKA, Zat salmak üçin örülen gap, sebet. Eline korzinka alyp, şähere gitdi.


KORIDOR, Jaýyň otaglarynyň arasynda ýerleşýän insizje geçelge. Biz uzyn koridordan geçdik. Şundan son, koridora alyp çykdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Galan paty-putularyňy bolsa koridoryň burçuna bas (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KORIFE'Ý, Bir ugruň görnükli, şöhratly işgäri. Rus çeper sözüniň korifeýleriniň döredijiligindäki çuňňur milli, guwanç, asylly adamkärçilik duýgularyny Gorьkiý düýpli özleşdirdi.(«Häzirki zaman edebiýaty»). Ylmyň korifeýi.


KORO'LЬ, Monarhyň bir tituly. Wladimiriň özüniň aýaly bolsa, Angliýa korolynyň gyzy bolupdyr (SSSR taryhy) Korolь Stefan husytdy (Şekspir, Otello).


KOROLE'WA, 1. Korolь aýal. 2  Korolyň aýaly.


KOROLLYK, 1. Başynda korolь durýan monarhik döwleti. 2. Korolyň wezipesi, ýagdaýy. Polьşada korollyga saýlanan Wladislaw IV polýak garnizonyna kömek bermäge howlugypdyr  (SSSR taryhy).


KORPUS, 1. Jaýyň ýa-da bir  ymaratyň giden bir bölegi, ganaty. Kärhanalaryň önümçilk korpuslary dikelýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bu ýerde tamjagazlar, aýmançalar we laboratoriýa stantsýyasynyň kömekçi hojalygy üçin köp korpuslar ýerleşýär. («mydam taýýar» gazeti). 2. Bir näçe diwiziýany öz içine alýan lri goşun birikmesi. Korpus komandiri. 3. Bir hünärdäki ýa-da bir meňzeş gulluk wezipesindäki resmi adamlaryň uly topary. Diplomatik korpus. Ofitserler korpusy.


KORREKTIRLEMEK, Bir tekstiň korrekturasyny okamak, asyl nusgasy bilen barlap, deňeşdirip ýalňyşlaryny düzetmek. Makalany korrektirlemek.


KORREKTIRLENMEK, Korrekturasy okalmak, tipografiýa ýalňyşlary düzedilmek, asyl nusgasy bilen deňeşdirilip, ýalnyşy düzedilmek.


KORREKTIRLETMEK, Korrektura işini geçirtmek, tipografiýa ýalňyşlaryny düzetdirmek, asyl nusgasy bilen barladyp, ýalňyşlaryny düzetdirmek.


KORREKTIRLEŞMEK, Korrektirlemäge kömek etmek, tipografiýa ýalňyşlaryny düzedişmek, ýalňyşyny düzedişmek.


KORRE'KTOR, Korrektura okaýan çaphana ýa-da neşirýat işgäri.


KORREKTORLYK, Korrektoryň hünäri, wezipesi. Korrektorlyk işinden ýuwaş-ýuwaşdan edebi işgärlige geçdim («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KORREKTURA, poligr. Çap etmek üçin ýygnalan ottisk. Ol oz makalasynyň korrekturasyny ençeme gezek okaýardy we düzedişler girizýärdi.