SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KOMA'NDA, 1. Söz bilen berilýän buýruk. Tihiý bol! — diýip, maşyn bölümine komanda berdi («Sowet debiýaty» žurnaly). Ol iň ilki bilen pulemiot atdy, ondan soň bolsa ataka komanda berdi (N. Saryhanow, saýlanan eserler). 2. harby Belli bir maksat üçin düzülen kiçiräk topar, goşun bölümi. Komandir öz komandasynyň arasynda aýlanyp ýördi.

3. sport. Sportuň bir görnüşiniň kollektiwi. Biziň woleýbol komandamyz birinji ýeri eýeledi. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Tapawutlanan ýüzüjiler komandamyz ilkinji ýeri eýeledi («Mydam taýýar» gazeti).


KOMANDALYK, Komanda degişli bolan, komanda bolup geçirilýän. Welosipedçileriň komandalyk birinjiligi ugrundaky ýaryşy hem oňat netije berdi («Mydam taýýar» gazeti).

 

KOMANDARM, Armiýanyň komanduýuşisi, armiýa komandirlik edýän adam.


KOMANDAÇYLYK, ser. K o m a n d i r l i k. Umumy komandaçylygy bolsa polýaklar öz ellerinde saklapdyrar (SSSR taryhy).


KOMANDIR, harby Goşun bölüminiň, podrazdelenýäniň, harby gäminiň baştutany, naçalьnigi. Toparyň komandiri öňde eserdeňlik bilen ädimleýärdi (A. Gowşudow. Saýlanan eserler). Şol sekuntda hemm liotçik ýygnalyp, Komandir söweşjeň buýrugi aldy (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Komandir bar näçe günläp şu kazarmada bolmalydygyny duşündirdi.

(A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KOMANDIRLIK, Komandiriň wezppesi, gulluk ýagdaýy. Komandirlige bolsa men indi ýaramaryn («Sowet edebiýaty» žurnaly). Leýtenant hem özüniň komandirlik edýän wzwodunyň öňi bilen gadam basýardy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KOMANDIRO'WKA, 1. Bir ýaňa gitmek bilen ýerine ýetirilýän gulluk tabşyrygy.  Döredijilik komandirowkasy.

2. Şonuň ýaly işi ýerine ýetirmek üçin gidiş. Kakaň  nirä gider  öýdýärsiňiz,  komandirowka (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýaňy-ýakynda Näzik siziň oblastyňyzda komandirowkada bolup geldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMA'NDOWANIÝE, Goşunyň, goşun bölüminiň başynda durýan adamlar, goşun bölüminiň ýolbaşçylary. Ondan soň komandowaniýäniň buýruklaryny bize ýetirmegi üpjün etmeli («Sowet edebiýaty» žurnaly).Komandowaniýe tarapyndan bir näçe mertebe «sag bol» aldy (A. Gowşudow Mähri — Wepa).


KOMA'NDUÝUŞIÝ, Uly goşun birikmesiniň naçalьnigi, komandiri. Siziň adyňyzdan ýoldaş komanduýuşiý ýüzlenmäge ygtyýar bermegiňizi haýyş edýärin («Pioner» žurnaly). Komanduýuşiniňki nähili bolsa, komandiriňki hem şonuň ýaly (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KOMBAÝN, oba h. Şol bir wagtda bir näçe mehanizmiň edýän işini ýerine ýetirýän maşyn. Kartoşka ýygýan kombaýn iş üstünde («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Kombaýn we traktorlar kolhozlara paýlanýar (R. Seýidow, Eserler). Ol, görünýän bugdaýlaryň içinde kombaýn sürýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KOMBAÝNÇY, Kombaýn maşynyny işledýän, kombaýn sürýän adam. Ol kombaýnçydy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Kombaýnçylaryň, traktorçylaryň birentegi durman işlemegi karar etdi («Mydam taýýar» gazeti).


KOMBAINÇYLYK, Kombaýnçynyň käri. Studentlere şofýorçylyk, kombaýnçylyk kärleri hem öwredilýär. («Mydam  taýýar» gazeti).


KOMBAT, 1. Batalьonyň komandiri. Ýoldaş kombat, men saňa örän möhüm bir buýruk bermekçi (K. Işanow, Watan üçin). 2. Batareýanyň komandiri.


KOMBINA'T,   1. Senagat kärhanalarynyň dürli pudaklarynyň birikmesi. Ýüpek mata kombinatyny gurmaklyk bellendi. Bu ýerde dokma kombinaty, demir ýol üzeli ösüp ýetişdiler  («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Kombinatda balyk tutulýan kameralar hem bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Dürli basgançakly okuw jaýlarynyň birleşigi.


KOMBINATÇY, Kombinatda işleýän adam, kombinat işçisi. Salam, kombinatçylar! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMBINATSIÝA, Aýallaryň köýnekleriniň içinden geýýän geýimi, içki köýnegi.


KOMBINEZO'N, Köýnegi we jalbary utgaşdyrylyp tikilen iş geýimi. Agaç et şofýor kombinezonynyň ýeňi bilen maňlaýynyň derini süpürdi  («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol kombinezonyny ýaga bulapdyr.


KOMBRIT, Brigada komandiri.


KOMDI'W, Diwiziýa komandiri Goşunda gulluk edip, komdiwlik derejesine mynasyp bolmak.


KOME'DIÝA, edeb , teatr. Durmuşdaky kemçilikler tankyt edilip ýazylan, sýužeti gülşükli drama eser, gülkuli oýun. Ol sekiz ýaşyndaka kiçijik komedialsar we öz mugallomlary hakynda gülküli gysga şygyrlar ýazardy (A. S Puşkin, Saýlanan eserler). Ilkinji komediýany döretmekligiň öň ýanynda bolup geçen wakany maňa ýazyjynyň özi gürrüň beripdi (A. Durdyew. Saýlanan eserler).


KOMENDA'NT, 1. Şäher galasynyň ýa-da berkidilen raýonyň goşun naçalьnigi. Galanyň komendanty kömek sorap, meni gyssagly iberdi (A. Gowşudow, Saýlan eserler). 2. Köpçülik ýaşaýyş jaýlarynyň müdiri. Ýatakhananyň komendanty.


KOMENDATUFA, Komendantyk we onuň işgärleriniň edarasy hem olaryň işleýän jaýy. Dagyň eteginde komendaturanyň jaýy agaryp görünýärdi.


KOME'TA, astr. Guýruk şekilli yşyk zolagy ýaly bolup görünýän asman jisimi. «Kometa» sözi grekçeden terjime edilende, «tuýlek ýyldyz» diýen sözi aňladýar («Astronomiýa») .


KOMILER, Komi ASSR-niň ýerli halky, esasy ilaty. Komi dili. Komi edebiýaty.


KOMINTERN, Kommunistik Internatsional. Lenin kominterne girýänleriň öňünde berk şertler goýýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMISSA'R, Köpçülik-syýasy, administrataw wezipeleri ýerine ýetirýän adam. Karar etdi komissarlar başlygy, Maksady — garybyň göwün hoşlugy (Mollamurt, Saýlanan eserler). Ahyrda bizi bolьşewigiň komissary bärik ugratdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


KOMISSARIAT, Komissaryň ýolbaşçylyk edýän edarasy. Bu raýon harby komissariatyndan ýollanylýan çakylykdy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Fronta gitmäge arza beripdir, Harby komissariat makul görüpdir (N. Amanoz, A. Kowusow, Balykçylar).


KOMISSARLYK, Komissaryň wezipesi, komissaryň gulluk derejesi. Furmanow Çapaew goşunyna komissarlyk edipdi.


KOMISSION, Ulanylan hojalyk harytlary, geýuim--gejimleri we ş. m. alyp satýan. Komission magazin.


KOMISSIONER, Buržuaz jemgyýetinde: belli bir protsentini almak şerti bilen söwda gepleşiklerini geçirýän araçy adam, dellal.


KOMI'SSIÝA, Bir edaranyň garamagyndaky ýörite hukuga eýe bolan adamlardan ybarat düzülen organ. Görse, komissiýalaryň hemmesi işleşip otyrlar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Biz ýörite komissiýa düzüp, ähli brigadalary barladyk («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMITE'T Belli bir işe ýolbaşçylyk edýän kollegial organ. Ýene iki günden komsomol komitetiniň býurg çlenleriniň maslahaty boljak («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Men häzir komitete tarap gitjek (B. Pürliew, Ilkinji gün). Moskwa komiteti tarapyndan guralan ýygnakda Wladimir Ilьiç söz sözledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMMERSA'NT, Buržuaziýa jemgyýetinde: iri söwdagär, iri söwda işleri bilen meşgul bolýan adam. Buržuaziýa kommersantlary.


KOMMERSANTLYK, Kommersantyň iş wezipesi, kommersantyň ýerine ýetirýän käri. Mekdepde okaýarka, geýnede  kommersantlyga garşy ýigrenç döredýär.

Geýne öz garyndaşlarynyň her hili galplygyny görüp, kammersantlyk işini öňküden-de beter ýigrenýär («Sowet edebpýaty» žurnaly).


KOMMERTSIÝA, Buržuaziýa jemgyýetinde:  her hili iri söwda operatsiýasy, umuman   söwda işi. Hiç ýerde işlemeýän  aýry-aýry adamlaryň  şeýle  «komnertsiýa» has uly meşgullanýandygyny hem aýdyp geçmek ýerliklidir. («Tokmak» žurnaly).

 

KOMMUNA, Emlägiň we zähmetiň umumy bolmagy esasynda  bçilelikde ýaşaýyş gurmak maksdy bilen birleşen adlmlar kollektiwi.

 <> Pariž Kommunasy ---1871-nji ýylda Parižde gozgalaň eden zähmetkeşler kopçüliginiň rewolýutsion hökümeti.


KOMMUNAL, Şäher hojalygyna degişli bolan. Şäher kommunal hojalygy. Kommunal   hojalyk ministerligi.


KOMMUNA'R, tar, 1871-nji ýylda Pariž Kommunasyna gatnaşyjy. Trengo ýönekeý ädikçi ussady, Parižde ol şanly kommusar boldy, («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMMUNI'ZM, syýasy. Sotsialistik rewolýutsiýa arkaly, proletariat diktaturasynyň berkarar bolmagy hem-de ekspluatator synplaryň ýok edilmegi arkaly emele gelýän, önümçilik sereşdeleriniň jemgyýetleşdirilmegine esaslandyrylan iň ýokary jemgyýetçilik--ykdysady formatsiýa. Biziň ýurdumyzda kommunizmiň dabaralanmagynyň hatyrasyna döredijilikli zähmet joş urýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMMUNI'ST, Kommunistik partiýanyň çleni. Bu ýerde kommunistler-de, komsomollar-da, mugallymlar-da bar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Obada kommunist ýeke men däl ahyry, başgda kä (A. Gowşudow. Mähri-wepa).


KOMMUNISTIK, Kommunizme has bolan, kommunizme degişli bolan. Olar ösüp barýan ýaş nesli kommunistik ruhda terbiyeleýärler.( «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Draýzer Kommunistik partiýanyň hataryna girýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMMUTA'TOR, 1. Elektrik toguny bir ýoldan ikinji bir ýola sowýan abzal. 2. Telefon aptaratlary biri-birine birikdirmek üçin gurlan ýörite enjam, desga. Häzir kolhozda telefon kommutatory bar («Kolhoz günleri). Birdenkä suw hojalygynyň kommutatorynyň telefony jyňňyrdady («Sowet Türkmenistanynyň aýallýary» žurnaly).


KOMMÝUNIKE, Halkara ähmiýetli meselelerniň, resmi habery, halkara ähmiýeti bar bolan maglumat.


KOMOD, Geýim salynýan köp çekerli pessejik şkaf. Geýimleri komodyň çekerlerine salyp goýmak.


KOMPA'NIÝA, 1. Öz wagtlaryny bilelikde geçirýän adamlar topary. Kompaniýa bolup gezelenç etmek. 2. Buržuaziýa ýurtlarynda: kapitalistleriň söwda ýa-da senagat birleşigi. Firidun iş tapyp bilmän, bir näçe kompaniýalara barypdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


KOMPARTIÝA, Kommunistik partiýa. Mehriban kompartiýa Minnetdar hoş ýaşlykdan, Oňa söýgülilik artýar, Sowgat ederis bäşlikden («Pioner» žurnaly).


KO'MPAS, Dünýäniň taraplaryny kesgitleýän, ugur almak üçin ulanylýan magnit dilli, elmydama demirgazygy görkezýän gural, kyblanama. Şol wagt oturan ýaşlardan biri: — Kompasoňyz ýokmudy? — diýip sorady (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda). Öz goşaryndaky kompasa garap: — Ugrumyzy-ha ýalnyşýan däldiris? — Diýip, sözüniň üstüne goşdy (A. Gowşudow. Mähri—Wepa).


KOMPENSATSIÝA, Bir zadyň öwezine berilýän töleg ýa-da edilýän sylag.


KO'MPLEKS, Baglanyşykly häsiýetleriň we hadysalaryň toplümy.


KOMPLEKSLEÝIN, Kompleks häsiýetli, baglanyşykly häsiýetlere, hadysalara has bolan. Ekişiň gysga möhletde geçirilip gutarylmagy gowaçalaryň hemme ýerde gyradeň gögerip çykmagyna we kompleksleýin bejerginiň öz möhletinde geçiralmegine mümkinçilik döretdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KOMPLE'KT, Bar zadyň doly toplumy, ýygynday, jemi. Ýasalan gidroagregatlaryň sekiz komplekti eýýäm Wolganyň sag kenaryna getirildi («Sowet Türkmenistany» Gazeti).


KOMPLEKTLEMEK. Bir zadyň komtektini düzmek, bir zady doly toplamak, ýygnamak, jemlemek.


KOMPOZI'TOR, Saz eserlerini ýazýan, döredýän, saz eserleriniň awtory. Ony Ýazyjylar bilen Kompozitorlar soýuzyndan sora («Tokmak» žurnply) Kompozitor bolmak üçin halkyň taryhyny, onuň medeniýetini oňat bilmeli («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOMPOZI'TSIÝA, 1. sazç. Saz eserlerini düzmegiň teoriýasy. 2. Eseriň çeperçilik taýdan düzülişi we gurluşy. Kolhozyň kynçylykly ýollary nädip geçişi romanyň kompozitsiýasynda aýdyň duýulýar. Hekaýanyň kompozitsiýasy-da tagaşykly guralypdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kompozitsiýa, sýužet çeper edebiýatyň beýan edijilçk formasyny emele getirýär (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy).


KOMPOLK, Polkuň komandiri. Men häzir komanduýuşiý däl, sen hem kompolk (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KOMPOT, Miwe kişdelerinden gaýnadylyp taýýarlanýan suwuk içgi. Sandykgaçynyň konserw zawody kompot işläp taýýarlaýar («Sowet Türkmenistanyiyň aýallary» žurnaly).


KOMPRES, Agyrýan ýeriňe goýulýap ýa-da daňylýan öllenen daňy. Soň kompres edip göýberdi (B. Gurbanow, Duşuşyk).


KOMPRE'SSOR, the. Basyş güýji astynda gazlaryň ýerini çalşyrýan gysyş maşyny. Depäň üstünde kompressor stantsiýasynyň jaýy seleňläp görünýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bu ýerde kompressor ustanowkasy, ýonujy stanoklaryň ençemesi işe girizildi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KOMSOMSUL, 1. Ýaşlaryň Kommunistik Soýuzy. Sagat sekizde meniň komsomol ýygnagym bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Şu soýuzyň çleni, agzasy. Kolhozyň komsomollary ýygnandylar (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Biziň bäşimiz-de komsomol («Kolhoz günleri»).


KOMSOMSULKA, Komsomol gyz. Obanyň wäşi adamlary owadan komsomolka onuň öýlenmeginiň mümkindigini aýdyp oýnardylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Mekdebiň komsomolkalary festiwala taýýarlanýarlar.


KOMSOMOLLYK, Komsomol çleni bolmaklyk. Ýok, Aýsoltan, komsomollyk hatyrasyna ynan (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Meniň komsomollyk ýüregim akdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KOMSO'RG, Komsomol  guramaçysy, ilkinji  komsomol guramasynyň ýolbaşçysy. Kolhozda komsorg Aman saýlanyp, ýygymda ýaşlara kömek berýärdi  (R. Seýidow, Bagtlylar). Komsorg bolup saýlanmak.


KOMSOSTA'W, Komandirler sostawy.


KOMHO'Z, Kommunal hojalyk.