SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KOOPERATI'W, 1. ser .  Kooperatsiýa 2.

2. Hapy satylýan magazin. Olara-da arma! — diýip, degşip gülşüp, ondan kooperatiwe bardy  (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gurbanly işden gaýdyşyn obanyň ortasyndaky kooperatiwe girdi  (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


KOOPERATIWLEŞDIRMEK,   Kooperataw esasynda birleşdirmek.


KOOPERATIWLEŞMEK,   Kooperatiw esasynda birleşmek.


KOOPERATOR,  Kooperatsiýa işgäri, söwda işgeri.


KOOPERA'TSIÝA, 1. Zähmetin özara baglanyşykly protseslerine adamlaryň bilelikde gatnaşmaklaryndan ýüze çykýan zähmeti guramagyň aýratyn formasy.

2. Paýçy çlenlerniň serişdeleri bilen döredilýän köpçülikleýin önümçilik söwda we ş m. birleşigi. Çopanlar alyjylar kooperatsiýasynyň işleýşinden özleriniň minetdardyklaryny aýtdylar.