SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KOWALAMAK, Ýetjek ýa-da tutjak bolup, birnniň  ýa-da bir zadyň yzyndan ylgamak. Torgaý kesekläp, kowalap Aman, Erik baglarynyň ýanna şol zaman («Sowet edebiýaty» žurnaly). Şondan soň Mikolanyň işi gaz kowalamak boldy (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly). Gaçdygymça, beter kowalaýarlar (N. Pomma, Taýlak hyzzyy).


KOWALATMAK, Bir zady tutdurmak üçin ýa-da biriniň yzyndan ýetdirmek üçin ylgatmak. Taza towşan kowalatmak.


KOWALAŞMAK, 1. Biri-biriň yzyndan ylgamak, ýetjek bolup ýa-da tutjak bolup ylgaşmak. Onuň gözüne kowalaşyp barýan çagalar görünýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). 2. Bilelikde kowalap yzyndan ýetmäge, tutmaga kömekleşmek. Men Ata bilen geçini tutmak üçin kowalaşdym.

3. Bir zadyň yşkyna düşmek, ugrunda gezmek, yzyna düşmek. Ol nirededir keýpi-sapa kowalaşyp ýör (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Goýunlar gyltyma kowalaşýarlar (N. Pomma.Sebäbini soň bildim).


KOWGUÇY, Kowguça gatnaşyjy. Öz atlarynyň ýyldamlygyna ynanan kowguçylaryň serkerdesi Aly beg eken (A. Gowşudow, Powestler).


KOWGY,  Kowup  gelýän  adam  ýa-da adamlar  topary. Dört tarapa iberilen kowgy hakynda alada etmän, haýallyk bilen howzuň ýanyna bardy (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler). Oglum, yzyňa bir gara, kowgular indi nähili?  («Görogly» eposy).


KOWDURMAK, 1. Yzyndan ylgatmak, yzypdan kowgy ibermek.

2. Bir ýýerden çykyp gitmegini, aýrylmagyny gazanmak. Hawa, sen oňa Tüýs dost bolanyň üçin, ony işden kowdurjak bolup, tozan turzup ýörsüň-de?-(«Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. sazç. Saz çalnanda, aýdym aýdylanda sazandary öz yzyňa eýertmek.


KOWERKOT, Syk dokalan çalymtyl ýa mele reňkli ýüň ýa-da çrym ýüň matanyň bir sorty. Durkuny kowerkot, ýüpek bezeýär, Gyz-gelinden mydam uzakda durýar" («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bu adam hemişe kowerkot kostýumly (A. Gowşudow, Mähri—Wepa) Kowerkot palьto. Kowerkot mata.


KOWMAK, 1. Yzyna düşmek, yzyndan ylgamak, gitmek, kowalamak. Gyzyl Goşunym bar, deňim-duşum bar, Kowsa ýetýän uçar polat guşum bar. (A.  Nyýazow. Şygyrlar).

Gorkagy kowsaň, batyr bolar (nakyl).

2. Bir ýýerden ýa-da bir jaýdan mejbury ýagdaýda çykaryp göýbermek. Emma öz keşbinden doýup bilenok, Aýnaň ýandan kowup, aýryp bolanok   («Tokmak»  žurnaly).Meni kowduň     boş peliňden, Şu  käriňi  goýgun  indi(Ata Salyh, Saýlanan eserler).

3. Wezipeden, işden, okuwdan we ş. m. boşatmak, çykarmak.

4. Sürüp äkitmek, sürüp gitmek, sürmek.  Ol   sagylýan düýeleri öre kowdy.

Ugruna   kowmak — ser. U g u r


KOWULMAK, 1. Bir ýerden ýa-da jaýdan çykyp gitmäge mejbur edilmek, çykarylmak. Saýraşýar bilbili, kowuldy zaglar, Gezmäge sapaly gyzykly çaglar (Ň. Pomma, Saýlanan eserler). Öýden kowulmak.

2. Boşadylmak, aýrylmak, çykarylmak. Ol wezipesinden kowlupdyr. Işinden kowlana meňzeýer.

3. göç. m. Sürlüp gidilmek, sürülmek, alyp gidilmek. Baýyň işigindäki mallary kowlupdyr.


KOWUM, Ata-baba nesli boýunça biri-birlerine ýakyn adam, garyndaş. Emma oňa olar edil öz ýakyn kowumyna ynanan ýaly iç syrlaryny ynanýardylar (N. Jumaew. Ak derek). Bir kowumdan 30—40 öýli bolup ýaşaýarlar. Toplanan adamlaryň içinde biziň kowumymyzdan adam ýok eken.


KOWUM-GARYNDAŞ, Garyndaşlyk aragatnaşygyndaky adamlar, dogan-garyndaş, ilen-çalan. Ak-gözel ejäniň bir ýerde kowum-garyndaşy bar bolsa ýygnandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOWUMDAŞ, Bir kowumdan, nesilden bolan. Knýazlyga onuň kowumdaşlaryny çagyrypdyrlar. Ol öz kowumdaşlaryna garşy bolan söweşde ölüpdir (SSSR taryhy).


KOWUMDAŞLYK, Bir kowumdan, nesilden bolmaklyk. Kowumdaşlyk gowy zat.


KOWUŞMAK, Kowmaga kömek edişmek, sürmäge kömekleşmek, sürüşmek. Gandym şähere mal kowuşmaga gitdi. Sürä sygyr kowuşmak.


KOWHA-KOW [kowha:-kow], Köpçülikleýin kowgy, tutda-bas, kowalaşyk. Ol gaçha-gaç, kowha-kowda-da özüni ýitirmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KOWÇUM, 1. Uzak, daşky dogan-garyndaş, kowum.

2. Topar, bölek.


KOWÇUM-KOWÇUM, Bir näçe kowçumdan ybarat bolan; topar-topar. Şäheriň çetlerinde kowçum-kowçum adamlar görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).