SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KO'LBA, Himiki reaktsiýalar geçirmek üçin uzyn bokurdakly çüýşe gap. Kolba biraz suw guýalyň. Kolbany gyzgyn suwa sokuň (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


KOLBASA', Içegä ýa-da ýörite edilen plionka dykylyp taýýarlanan azyk önümi, döwlen, owradylan et. Ýanynyň çöregi, kolbasasy, maýdalanan gandy we käsesi bilen ak skatertli stoluň üstünde goýdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kolbasa edilýän tseh. Kolbasanyň örän ýakymly ysy bolýar.


KOLLEGIAL, Ýeke özüň däl, kollektiw, köpçülik bolup.


KOLLEGIÝA, 1. Administratiw ýa-da maslahat beriji organy emele getirýän wezipeli adamlar topary. Men geljek hepdäniň başynda ministrligiň kollegiýasynda jikme-jik habar bermeli («Sowet edebiýaty» žurnaly). Adwokatlar kollegiýasy.

2. kön. s. Merkezi organ (Russiýada Petr I tarapyndan döredilen merkezi edara ediş organy). Puşkin litseýi gutarandan soň, daşary işler kollegiýasyna gulluga bellendi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


KOLLEJ, Angliýada we Amerikada ýokary ýa-da orta okuw jaýy.


KOLLEKTI'W, Bir edarada işleýänligi ýa-da başga bir umumy bähbitleri jähtden jemlenen adamlar topary. Zawodyň kollektiwi ýyllyk plany 25-nji dekabra çenli doldurmagy karar edipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Drama boýunça birinjiligi Daşhowuz oblastynyň kollektiwi eýeledi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


KOLLEKTIWI'ZM, Umumylyk printsipi, şahsy bähbitleri jemgyýetçilik bähbitlerine bagly etmäge esaslanýan kollektiw başlangyç.


KOLLEKTIWIZA'TSIÝA, Ownuk daýhan hojalyklaryny iri sotsialistik hojalygyna birikdiriş.


KOLLEKTIWLEŞMEK, Kollektiwizatsiýa işini amala aşyrmak. Garyplar, batraklar kollektiwleşip, Täze bir durmuşa geçilýän gündür (Mollamurt, Saýlanan eserler).


KOLLE'KTOR, 1. Öz garamagyndaky edaralar üçin zat toplaýan we paýlaýan edara. Kitaphana kollektory.

2. teh. Dinamo-maşynyň üýtgeýän togy üýtgemeýän toga öwürýän bölegi. Indi kollektor ýasaň. Munuň üçin ýakoryň okunda kiçijik tsilindr taýýarlamaly («Mydam taýýar» gazeti).

3. teh. Beýleki kanallardan, turbalar-dan gelýän gazlary, suwuklyklary bir ýana sowmak üçin giň kanal ýa-da turba, zeýkeş. Kanalizatsion kollektor.


KOLLE'KTSIÝA, Predmetleriň belli bir sistema salnan ýygyndysy. Traktorçylaryň toplan bu kollektsiýasy tekjäniň ähli ýerini tutup durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Muzeýde dürli kollektsiýalar toplanylypdyr (Gadymy dünýä taryhy).


KOLLOID, him. Ergini haýwanyň hamyndan ýa-da ösümligiň gabygyndan geçmeýän we kristallaşmaýan madda (kleý, belok, krahmal).


KOLLOKWIUM, Bilim derejesini barlamak hem-de artdyrmak maksady bilen mugallymyň studentler bilen geçirýän gürrüňi.


KOLONIAL, Koloniýa degişli bolan, kolonializme esaslanýan. Kolonial düzgün ýok edildi. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


KOLONIZA'TOR, Kolonial ýurtlaryň ilatyny boýun egdiriji ekspluatator. Halkyň milli garaşsyzlyk, azat durmuş ugrunda kolonizatorlaryň garşysyna alyp baran göreşi ajaýyp netije berdi. Hindistan ýap-ýaňy hem, 1947-nji ýyla çenli-de kolonizatorlaryň elindedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOLONIZATORLYK, Kolonizator bolmaklyk, kolonizatorlaryň ýagdaýy.


KOLONIZATORÇYLYK, ser. Kolonizatorlyk.


KOLONIÝA, 1. Imperialistik döwletler tarapyndan basylyp alnyp ekspluatirlenýän, syýasy we ykdysady özbaşdaklykdan mährum edilen ýurt. Iňlis-frantsuz koloniýalary. Koloniýalaryň sany barha azalýar.

2. Bir maksat bilen toplanan adamlaryň ýatakhanasy. Çagalary ahlak taýdan düzediş zähmet koloniýasy.


KOLO'NKA, Biri-biriniň aşagynda ýazylan bir näçe gysgajyk setirler. Bu makala üç kolonka ýerleşdi.


KOLO'NNA, Tertip boýunça ýörelende yzly-yzlygna hatarlanyşyp barýan ýa-da duran adamlar topary, nyzam. Annaguly dagynyň kolonnasy stantsiýadan polla tarap ugrady (A. Durdýew, Saýlanan eserler). Kolonna kowaşlyk bilen Gyzyl ploşada tarap barýar («Pioner» žurnaly) Kolonna saklandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOLORI'T, Çeper eseriň, döwrüň ýa-da bir ýeriň häsiýeti taýdan aýratynlygy, reňki. Bu ertekide türkmen milli koloritiniň bütünleý saklanmagy bilen birlik-de, rus ertekisine meňzeýän elementler bar. Türkmenisanyň ýerli koloriti hekaýada düýbünden saklanmandyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOLHO'Z, Oba hojalyk işlerini kollektiw bolup alyp barmak üçin, zähmetkeş daýhanlaryň sotsialistik tipdäki birleşigi. Juma Ilmyradowyň «Aýgül» poeşsy kolhoz obasynyň durmuşyndan ýazylan eserdir. Men bu ýerde kolhoz tarapyndan işleýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOLHOZÇY, Kolhozyň çleni, kolhozda işleýän daýhan. Kolhozçylar üçin salynýan täze jaýlaryň gurluşygy gutardy. Bu oturanlar kolhozçylardy (B. Gurbanow, Duşuşyk). Kolhozçy öz işin goýmaýar gije (B. Kerbabaew, Aýlar).