SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KOK, kön. s Ýaramaz ys. Mazudyň kokuny burnuňa getir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOKAI'N, farm. Agyryny bildirmeýän, beýhuş ediji derman hökmünde ulanylýan zäherli madda, narkotik serişde. Has mälim alkoloidlerden hininiň, kofeiniň, kokainiň we morfiniň atlaryny mysal getirmek bolar («Mydam taýýar» gazeti). Syrkawa kokain bermek.


KOKAMAK, Ys gelmek, ýakymsyz ys bermek, aňkamak. Urýar tupan, kokaýar gan (R. Seýidow, Eserler).


KOKS, Ýangyç üçin bişirilen daş kömür ýa-da torf. Wengeriýadaky domna koks önümçiligi   baradaky zawod işe girizildi.   («Sowet   Türkmenistany» gazeti).


KOKSLAMAK, Daş kömri, torfy we   ş. m. ýörite peçlerde gyzdyryp, koksa öwürmek. Torfy kokslamak.


KOKSLANMAK, Koksa öwrülmek, koks halyna geçmek.Daş kömür oňat kokslanýar.


KOKUN, dini. Öleniň hatyrasyna we oňa degsin etmek üçin bişirilýän çörek, nahar.