SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KÜD |
||||
KÜDE, 1. Bede desseleriniň, ýandak petdeleriniň bir ýere ýygnalyp basylan üýşmegi. Guranlaryny maşyn bilen çekip, küde ýasaýarlar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Bu bassyrmanyň edil ortarasynda bolsa 1953-nji ýylyň hşal otundan taýýarlanylan küde bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýandagy bassaň küde bolar, bedeni bassaň pide (nakyl). 2. göç. m Üýşup ýatan zatlar, üýşmek. Öňünde küde bolup ýatan kagyz papkalary bir ýana süýşürdi («Kolhoz günleri»). Bir görseň, egrijiler tsehinde küde bolup ýatan ýüplükli naýçalary gözden geçirýändir («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KÜDELEMEK, Küde etmek, küde edip üýşürmek. Sowhozyň kollektiwi häzir sypal küdelemegi tamamlap barýar, ýerleri güýzlük ekinler ekmek üçin taýýarlaýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýatyrylan otlary küdelemek işi gutardy.
KÜDELENMEK, Küde edilmek, küde edilip üýşürilmek. Ýatyrylan ýandaklaryň bary küdelendi.
KÜDELETMEK, Küde etdirmek, küde edip üýşürtmek. Ýatyrylan otlary küdeletmek. Ýandak petdelerini ýaş oglanlara küdeletdiler.
KÜDELEŞMEK, Küde edişmek, küdelemäge kömekleşmek. Men kolhozçylaryň ýatyran otlaryny küdeleşdim. |