SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÜD

KÜJ

KÜÝ

KÜK

KÜL

KÜM

KÜN

KÜŇ

KÜP

KÜR

KÜS

KÜT

KÜH

KÜÇ

KÜŞ


KÜŞ, Käbir haýwanlar ýa-da guşlar kowlanda aýdylýan söz. Küş! Gyran degenler, gurçugy çekip gutardyňyz («Tokmak» žurnaly).

<> Towugyna küş diýmezlik — ser. T o w u k. Biziň towugymyza «küş» diýip biljek adam ýokdur («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜŞGÜRILMEK, 1. Biriniň üstüne öjükdirilmek, küşgürip göýbýerilmek. Ol it küşgürilen ugra baka seredip, ýoldaşlarynyň özlerinden üýtgeişk bir jyns bilen söweş edýändigini gördi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Garly öz yzyndan ýarak itiň küşgürilenini aňdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). 2. göç. M. Biriniň üstüne öjükdirilmek, erbet, ýaramaz ugra iteklenmek.


KÜŞGÜRMEK, 1. Biriniň ýa bir zadyň üstüne iti öjükdirip ugrukdyrmak. Tejribeli awçy ony küşgürip, awa saldy (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler).

2.  göç. m.  Götergiläp, azdyryp, birini başga biriniň üstüne öjükdirmek, erbet iş etmäge  iteklemek.


KÜŞT, 1. Aýratyn düzgün boýunça 64 öýli tagtada 32 sany ak we gara mally oýnalýan oýun. Hawa, ýanyňyz bilen küşt, damka almagy hem ýadyňyzdan çykaraýmaň! (B. Pürliew, Ilkinji gün). 2. Şol oýnuň tagtasy, pyýadalary, mallary. Küşt ýasamak. Küşt almak.

3.  Küşt oýnunda: bir mal bilen şanyň üstüne hüjüm edilende aýdylýan  söz .Sen  çykarmajak bol,  men hem çykarjak bolaýyn, özüň hem tur küştden!  (N. Pomma, Taýçak  hyzzyn).


KÜŞTÇI, Küşt oýnuna ökde adam. Çary aga obanyň küştçülerinden biridi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýekedabanyň sesi daşardaky küştçüleriň sesi bilen goşulýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


KÜŞTÇÜLIK, Küşt oýnuna ökdelik.