SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÜD

KÜJ

KÜÝ

KÜK

KÜL

KÜM

KÜN

KÜŇ

KÜP

KÜR

KÜS

KÜT

KÜH

KÜÇ

KÜŞ


KÜÝ, Hyýal, pikir, oý. Başga ekin ekmän, pagta kän ekdik, Pagta kän almaga küýmüzi dikdik (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Han küýli bar küýüni kolhozyň işine berip, işden bir gün hem galman işläp geldi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

<>Küýüne düşmek — bir zadyň ugruna duşmek, bir işi etmegiň pikirinde bolmak, kül-külüne düşmek.


KÜÝZE, Iki ýa-da dört gulply, köwereden bişirilip ýasalýan ýaýbaň billi, bokurdakly gap, jürdek.

Suw getiren hem bir, küýze döwen hem (nakyl).

Suw küýzesi suwda synar (nakyl).


KÜÝZEGÄR, Toýundan küýze ýasaýan ussa. Köp ýolagçylar uzyn boýly küýzegäre göripçilik bilen garaýardylar (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler). Olar küýzegärler, teletinçiler we altyn işleriniň ussalarydyr (Gadymy dünýä taryhy).


KÜÝZEGÄRLIK, Toýundan küýze guýmak seneti, küýzegäriň käri. Ol Çärjew şäherinde küýzegerlik edipdir («Tokmak» žurnaly).


KÜÝZEGÄRÇILIK, ser. Küýzegärlik. Küýzegärçilik bilen meşgul bolmak.


KÜÝI-PIKIRI, Pikiri-hyýaly, bar hyýaly, bar oýy. Onuň küýi-pikiri küştdedi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


KÜÝKÝERILMEK, Garrap biliň bükülmek, aşak eglip ýörmek. Onuň bilinden ýokarsynyň bir hili küýkýerilýändigi görünýärdi. Bu bolsa onuň birneme küýkýerilip ýöreýändigini aňladýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜÝKÝERIŞMEK, Bil bükülişmek, küýkýerip başlamak. Bu iti gören pişikler küýkýerişip, oňa haýbat atdylar.


KÜÝKERMEK, Garrap biliň bükülmek, aşak eglip ýöremek. Onuň boýun oňurgasy we döş süňkleri eglip küýkýeripdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olar indi küýkeren billerini ýazýarlar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


KÜÝKERTMEK, Küýkülik derejesine, ýagdaýyna eltmek. Garrylyk adamyny küýkerdýär.


KÜÝKI, 1. Bili bukuk, bili egrelen. Meret küýki diýen Nazaryň garryja goňşusydyr. (N.pomma .Sebäbini  soň bildim). Birden   küýki peýda boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Tüňňi, egri. Kim gaýkyny söýer, kim küýküni (nakyl).


KÜÝKÜLIK, Bili büküklik,  bili büýkürlik.


KÜÝLENMEK, Bir işi etmegiň pikirined düşmek, bir zady amala  aşyrmagy ýüregiňe düwmek, pikirlenmek. Senem joşa geldi uçdy küýlenip, ýöremäge göwni etmän kanagat («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol, nämedir bir zady huşuna ýaly, küýlenip otyrdy.(G. Kulyew, Köpetdagyň aňrysynda).


KÜÝLI, 1. Küýlenip ýören, ýüregine küý düşen ýally. 2. Akyl taýdan näsag, ýetmezçilikli. Ol  edli küýli adam ýaly, erjellik bilen ýapyşýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜÝLÜLIK, Küýli bolmaklyk, hemişe küý edip ýörmeklik, hyýallylyk.


KÜÝSEMEK, 1. Arzuw etmek, islemek. Turşy zady küýsemek.  Suw küýsemek.

2. Göresiň gelmsk. Komandirowka gidenimde, her minut yzymy küýsäp durarmydym?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olaryň kiçu ogullaryny küýsemekleri has hem güýçlenipdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KÜÝSENMEK, Arzuw edinmek,islemek. Hatyjanyň özi başlygyň ornuna geçmäge küýsenýän bolaýmasyn? (N. Jumaew , Ak derek).


KÜÝSETMEK, 1. Arzuw etdirmek, isletmek. Göresiňi getirmek. Oňa obany küýseden zat nämekä? («Sowet edebiýaty» žurnaly).