SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÜD

KÜJ

KÜÝ

KÜK

KÜL

KÜM

KÜN

KÜŇ

KÜP

KÜR

KÜS

KÜT

KÜH

KÜÇ

KÜŞ


KÜR, Eşegi, kürräni ýöretmek, kowmak üçin aýdylýan söz. Kimisi goýun agyla girjek bolup duran eşege, kürrä «kür» diýip, gelip eşegiň böwrüne ýumruk bilen urýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KÜRE, Kerpiç bişirilýän ýörite peçь. Kerpiç bişirer ýaly iki sany küre salnan bolsak, has gowy boljak eken (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ilkibada onuň ýeňsesinde küreler burum-burum tüsseler çykaryp başladylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KÜREK, 1. Bugdaý sowurmak we ýeňil zatlary ardyp- arassalamak, üýşürmek üçin tagtadan pil.

Kürek bilen gar artmak. 2. Gaýygy sürmek, suwda kürekläp hereket etdirmek üçin ulanylýan kepjä menzeş tagta gural. Ýigidiň gazap bilen joşýan ýüregi, Tolkunlar içinde urýar küregi. Suwuň öz akymyndan has çalt ýüzmek baradaky ýazuwlar küregiň hem ýelkeniň oýlanylyp tapylmagyna eltipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). 3. Malyň pilçe süňki.


KÜREKLEMEK, 1 Kürek bilen artmak, kürek bilen sowurmak. Tamyň üstüniň garyny kürekläp artdylar. 2. Kürek urup gaýygy öňe hereket etdirmek, kürek bilen sürmek. Leningradlylar küreklemek boýunça ýaryşlarda üstün çykdylar («Ýaş kommunist» gazeti).


KÜREKLENMEK, 1. Kürek bilen ardylmak, kürek bilen sowrulmak. 2. Kürek urlup hereket etdirilmek, kürek urlup sürülmek. Gaýyk küreklenip başlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜREKLEŞMEK, 1. Kürek bilen ardyşmak, kürek bilen sowurmaga kömekleşmek.

Gar kurekleşmek.  Harmany kürekleşmek. 2. Kürek uruşmak, bilelikde kürekläp sürmek, küreklemäge kömek etmek. Gezekme-gezek kürekleşip, gaýyk bilen ýüzdük.


KÜREKÇI, Kürek urup gaýyk ýöredýän adam. Birdenkä kürekçiler küreklerini taşlap, hereketsiz nazar dikdiler (N. W. Gogolь, Eserler). Garyplar ýük daşaýjy we kürekçiler bolup işe durýardylar (SSSR taryhy).


KÜREN: küren oba — giden uly oba, gür ilatly oba, köp öýli oba. Küren obanyň gaýra çetinde baryp düşdük (A Durdyew, Saýlanan eserler). Ol özüni küren obadaky uly toýuň ýaşulusy hökmünde duýdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜREÇI, Kerpiç bişirmekde spetsialist, kürede kerpiç bişirýän ussa. Asly kerpiç bişirýän küreçi bolsa gerek (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


KÜRK, Guzlamakdan galyp, basyrmak döwri ýeten, basyrylýan wagty gelen (towuk hakda). Olaryň hyýaly çagany kürk towuk ýaly edip, öýden çykarman saklamakda! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olar kürk towuklara pugta gözegçilik edýärler («Sowet Türkmenisgany» gazeti).

<>Kürk bolmak — guzlamakdan galan, basyrmak döwri ýetişmek. Ýumurtgadan jüýje çykarmak üçip kürk bolan towugy basyrýarlar.


KÜRMEK, Köplenç şalynyň içinde gögerýän gara dänelije ösümlik we onuň dänesi.


KÜRRE, Heniz müngä ýaramaýan ýaş eşek. Seniň şol wagtlar bir kürräň bardy (R.    Seýidow, Bagtlylar). Arpa,  bugdaý, künji, mäşek, Bir kürre bersin her eşek, Her inen düýeden bir köşek, Almak üçin ýaryşalyň.(Ata Köpek Mergen, ýürek depderi).


KÜRRELEMEK, Kürre dogurmak, guzlamak (eşek hakda). Myradyň eşegi kürreläpdir.


KÜRSEMEK, Hasyrdap girmek, ýüzüň ugruna baryp batly girmek. Halyk ylgawyny ýazdyrman, mekdebe kürsäp girdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Wüşi kel gaçyp baryp, kürsäp çadyra girdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KÜRSI, ser. O t u r g y ç.  Onuň görkezen üsti gyzyl mahmally kürsüsinde oturyp, hal-ahwal soraşdy. Ýaňy ak sepip başlan çekge saçlaryny sypalap, göwresini ýumşak kürsiniň üstüne göýberdi («Sowet edebiýaty»žurnaly).


KÜRTDÜRMEK, Birdenkä saklanyp durmak, birden aýak çekmek. Emma weli, ol şu ýere ýeteninden soň, bir-denkä kürtdürip durdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Dozoryň signaly boýunça komandiriň kürtdürip duran ýerinde olar-da durýarlar (A. Gowşudow, Mähri —Wepa).


KÜRTE, 1. Aýallaryň başyna atynýan bejergili üstki geýimi. Aýallar derrew täze kürte getirip, meniň başyma atdylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Aýna dini palasa saldyryp süýretmäň gyzyl kürtä çala bürenip, özi çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Iki goltugynyň aşagy bagjykly, iki ýan gapdaly dilik, çaga geýdirilýän üstki geýim. Çaga kürtesi.


KÜRTEKÇE, Ýeňsiz, syrama ýyly geýim. Ine, şu kürtekçäni men eneňiň egninden çykardym. («Sowet Türkmenstanynyň aýallary» žurnaly).

KÜRTI: kürti goýun  —  uzyn  guýruk  garaköli goýun.


KÜRTLER, Esasan Eýranda hem-de Türkiýede, Pakistan-da, Siriýada, Yrakda, SSSR-de ýaşaýan Eýran diller degişli halk. Emma Gylyç mergen ony kürt diýip pikir etdi.(A.Gowşudow,  Saýlanan eserler).


KÜRTÜK, Belke  kesilip, etli çorbada  bişirilýän nahar, gaýyş.


KÜRÜM, Syçan, alaka ýaly gemrijileriň gazýan hini we daşyna üýşüren gumy.


KÜRÜMGURADAN [kürümgu:radan], zool. Meýdanda, ekin arasynda ýaşaýan kül reňk ullakan syçan. Bir kürümguradanyň gymmat tohumlara baka dyzaýany öten agşam onuň düýşüne-de girdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KÜRÜŞGE, Suw ýa-da suwuklyk guýmak üçin stakandan ulurak saply, gulply gap. Ejesi bir kürüşge suwy Merede alyp berdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Al, üşemezlik derman! — diýip, bir kürüşge çakyr uzatdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KÜRŞERILMEK, Närazylyk bildirmek, nägile görnüşde bolup ýüzüňi sortdurmak. Ussa onuň ýüzüne kürşerilip seretdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Eginleri gysylyp, bir gysym boldy, ýüzi kürşerildi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜRŞERIŞMEK, Köp bolup nägileçilik, närazyçylyk bildirmek, bilelikde kürşermek. Näme kürşerişip dursuňyz?!


KÜRŞERMEK, Ýüzüni turşatmak, närazylyk bildirmek, närazy görnüşde bolmak, ýüzüňi sortdurmak. Şomuka, şo dälmikä?! — diýip, bir ýylgyryp, bir kürşerip, ýüregi gürs-gürs urýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KÜRŞERTMEK, Kürşerip närazylyk bildirmek, närazylyk görnüşinde ýüzüňi sortdurmak. Hekçi ýüzüni kürşertdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Sen çaga ýaly ýüzüňi kürşerdip başladyň (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).