SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÜD

KÜJ

KÜÝ

KÜK

KÜL

KÜM

KÜN

KÜŇ

KÜP

KÜR

KÜS

KÜT

KÜH

KÜÇ

KÜŞ


KÜME, Tomus aýlarynda ýaşamak, goş-golam ýa-da mal salmak üçin çybykdan, agaçdan edilen jaý. Çöp kümäniň üstünden towuklar gözleriniň gytaklary bilen ýere seredişýärdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Goşa obasyndaky bir kümäniň gapdalynda bir näçe daýhan gyşaryp ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KÜMSÜK, ýüregi ak däl, eli egri, ogry. Häzir bolsa bu kümsük kilwanlar hakynda kimi gepletseň: — Aý, towza-powza hiç-le! — diýýär-de, dişlerini gyjyrdadyberýär («Tokmak» žurnaly).


KÜMSÜKLIK, Eli egrilik, ýüregi ak dällik, pyssy-pyjurlyk. Onuň edýän işleri-de kümsüklikden başga zat däl («Tokmak» žurnaly).


KÜMÜŞ, Çalymtyk ak reňkli ýalpyldawuk gymmat baha metal. Bu çalýan sazymyň hoş owaz beriş, Perdesi kümüşden, polatdyr kirşi (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Suwly ýabyň boýundaky uzyn deregiň kümüş ýaly lowurdaýan ýapraklary ertiriň şemaly bilen oýnaklaşýardy (B. Gurbanow, Duşuşyk).


KÜMÜŞLEÇ, Kümüş reňkine meňzeş, kümüş reňkli. Günüň ýagtysyna kümüşleç öwşün atyp, gök salyp oturan düzlüge seredip durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Selçeň kümüşleç saçly adam.


KÜMÜŞÇI, Kümüş ussasy, kümüş şaýlar ýasaýan ussa. Elini kümüşçiniň eli ýaly sandyradyp, tagaşyksyz iri-iri harplar bilen ol, ine, şeýle ýazdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


KÜMŞÜLDEMEK, Alyn dişler bilen çörek iýip, agzyňy hereket etdirmek, agzyňy gymyldatmak. Dişleri gedilişen, iýmiti kümşüldäp iýýän Näzikjamal Nursoltana golaý oturdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


KÜMŞÜLDETMEK, Alyn dişiň bilen çörek iýip, agzyňy kümüş-kümüş etdirmek. Agzyňy kümşüldetmek.