SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÜD

KÜJ

KÜÝ

KÜK

KÜL

KÜM

KÜN

KÜŇ

KÜP

KÜR

KÜS

KÜT

KÜH

KÜÇ

KÜŞ


KÜL,  Ýanan zatdan galan çal ýa-da gara reňkli, un ýaly galyndy. Nabat eje Meredi işe ugradandan soň, hasyr- husur edip, içerileri syryşdyryp, külüni atdy.(A.Durdyew, Saýlanan eserler). Nebitçiler külüň, tüssäniň nämedigini bir eýýäm unudypdyrlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly).

 Pul boldy, kül boldy  (nakyl).

<>Kül dökmedik   ýeri    ýok — ýaşamadyk,  işlemedik ýeri ýok.  Gulluk meselesinde onuň kül dökmedik ýeri ýok. («Tokmak» žurnaly).

Kül   etmek—1)  owratmak, maýdalamak, döwmek. ; 2) zarba urmak, ýok etmek, urmak. Güýç berdi rus doganmyz, Duşmany kül etmäge. (Çary Aşyr.  Poemalar).  Mergen ata,    göýber meni, men mollajygyň agzyny   kül edeýin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa).

Küle   dönmek — un  bolmak,  maýda-maýda bolmak, owranmak.

Küli sowuk — ýürekden gadyrsyz, mähirsiz.

Külüni göge sowurmak-— ýok etmek, derbi-dagyn etmek. Synpy ýatlaň külün sowrup, Duşmanlaryň kökün sogrup, Gurply durmuşa öwrüp, Täzelediň   donlarmyzy. (Durdy    Gylyç, goşgular).

Ömrüň  kül etmek—ser. Ö m ü r. ömrümi kül etdiň  (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


KÜLBE, gepl d.  Bolgusyzja ýaşaýyş jaýy, öý, Biziň- külbämizde tutaşdyrlyk gury çöp ýokdur (Myraly). Garly ussa bilen Myrat dawalaşyp, köneje külbeline bardylar (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar)



KÜLBIKE, [külbi:ke], Eliň ýa aýagyň bäşinji, iň kiçijik barmagy. Elindäki keseri külbikesiniň daş  ýüzüni gyýyp gitdi. Çep eliniň külbikesi bilen ogulhajaty jontukdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KÜLDAN, [külda:n], Çilim küli atylýan gap, çekilen çilim atylýan guty. Papirosyny küldana basyp mynjartdy.(«Sowet edebiýaty»  žurnaly). Çary aga  çekip gutaran mahorkasyny küldana atdy (A   Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KÜLE, Guýrugy jontuk, guýrugy kesik. Guýruklary  küle köpekler ýatyrdylar.  (B.  Kerbabaew,  Aýsoltan). Güýrugy küle eşek.

<> Gepiň küle ýeri — ser. Gep.Gepiň küle ýeri,çatmasy garbanyşhana öwrüldi(«Tokmak»  ).


KÜLÇE, Ýüň matadan tikilen daşky aýal geýimi. Egnindäki küleçesiniň ýakalaryny galdyryp gobsundy (Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Hawa, garaz, biz hem ýöne ýatmadyk — diýip, özüniň egnindäki küleçesiniň iliklerini ýazdyrdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KÜLJERMEK, Kül ýaly bolmak, maýdalanmak, owranmak. Onuň balkyldaýan gara   gözlerindäki durmuş uçgunlary sönüp, küljerýän ojar közi ýaly umytsyz seredýärdi. (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KÜLJÜMEK, Küle meňzeş reňkde bolan, kül reňk. Onuň bugdaýreňk ýüzi gandym kömrüniň tozany bilen küljemek bolupdyr (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


KÜLKE, Bir zadyň owuntygy,  maýda bölegi, ownuk. Onuň içinden çalymtyk daşyň külkesini tapdy  («Sowet edebiýaty» žurnaly). Külke çaý.


KÜLKELEMEK, Külke hala öwürmek, maýda-maýda etmek, owratmak.


KÜLKELENMEK , Külke bolmak, ownuk edilmek, maýdalanmak, owranmak.


KÜL- KÜLÜNE, kül-külüne düşmek bir zat bilen başagaý bolup ýörmek, bir zadyň yşkyna düşmek, ýüregiň bilen bir zadyň ugrunda bolmak. Şofiorlyk  kärini ele almagyň  kül-külüne düşýär   («Mydam taýýar »gazeti).


KÜLLI I, Küli bar bolan, küle garyşan, kül ýokuşan.


KÜLLI II, kön. s. Ähli, hemme, bütin. Göýä diýersiň külli ýurt eýesi özi ýalydy (A Gowşudow, Mähri—Wepa). Saňa geljek külli bela dep bolsun, Tuwak apa, saňa bir don gerekdir (Mollamurt, Saýlanan eserler).


KÜL-OWRAM, Owram-owram bolup döwlen, berbat bolan, kül-talhan. Ümmülmez ýogyn-ýogyn agaçlar gara-ört bolup küle dönüpdir, kül-owram bolup pytrapdyr (A Gowşudow, Mähri—Wepa). Ol naw baryp degjekdi daş saýyna, Şeýle bolsa ýaw kül-owram bolardy (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar).

<> E n d a m-j a n y ň  k ü l-owram bolmak — bütin göwräň agyrmak, endam-janyň agyrmak.


KÜL-PAGYŞ, Kül-uşak, owram-owram bolan, pagşyldap owranan, döwlen. Äpişgäniň aýnasyny kül-pagyş edip içerik düşengranat ýaryldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Wagt bolar, bu daglary kül-pagyş ederis (A Gowşudow, Mähri—Wepa).


KÜL-PEÝEKUN [kül-peýeku:n], 1. Dyr-pytrak boluo döwlen, kül-uşak, maýda-maýda bolan. Gap-çanak kül-pýeekun bolup ýatyrdy.

2. Derbi-dagyn etmek, ýykan--ýumran etmek. Duşmanyň esasy goranmak liniýasy kül-peýekun edilmese, ol beýiklige baryp bolmajakdy (A Gowşudow, Saýlanan eserler). Eý, siz ýaraglaryňyzy taşlaň-da, eliňizi galdyryň, bolmasa galaňyzy kül--peýekun edýerin.1 («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜLPET, kön. s Azap, horluk, jebir, sütem, zulum. Köp külpetler çekdik baýlar döwründe, Indi ýol ýok synpy ýada ýaranlar (Ata Köpek Mergen, Ýürek depderi).


KÜL-TALHAN, ser. Kül-owram.


KÜLTEM, Keleplenen ýüpek şekilli külterlenen ýüp daňysy, kelep şekilli edilip ýygnalan ýüpüň toplamy.

Ýüpekçiler akly, saryly ýüpek kültemlerini gujaklap, kontrolь tsehe tarap alyp barýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Garly ussa tärime ildirilgi kültem ýüpi aldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


KÜLTERLEMEK, Kelep şekilinde ýüp ýygnamak, kültem-kültem etmek. Bedräniň ýüpüni külterläp, Annagulynyň eline berdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Radionyň simlerini külterledi («Kolhoz günleri»).

<> Ýeriň tanapyny külterlemek — ser. Ýer. Gamyş gulak bedew atlar ýörände, Ýeriň tanapyny külterläp çekýär (N. Pomma, Saýlanan eserler).


KÜLTERLENMEK, Kelep şekilinde ýygnalmak, kültem-kültem edilmek (ýüp hakda). Egni şäher biçüwli, melewşe ýüpek köýnekli iki örüm gara saçy ýalaňaç kellesinde tertipli külterlenen gyzyň suraty onuň gözüniň öňünde gaýmalaýardy (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KÜLTERLETMEK, Kelep şekilinde ýygnatmak, külterläp daňdyrmak. Ýüpi külterletmek.


KÜLTERLEŞMEK, Külterlemäge kömek etmek, kelep şekilinde ýygnaşmak. Odunyň ýüpüni külterleşdim.


KÜL-UŞAK, Döwlüp kül-owram bolan, tike-tike bolup döwlen; derbi-dagyn bolan. Maýakowskiý özüniň talantynyň ähli güýjüni Watany goramaklyga, zandyýaman duşmanlary kül-uşak etmeklige sarp etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Aýna daşa degip, kül-uşak boldy.


KÜLÜŇ, Ýer we dag işlerinde ýer gazmak üçin ulanylýan, bir tarapy çiş görnüşli we beýleki tarapy hem teşe görnüşli gural. Külüňi göterip gelse-de Perhat, Diýer ussat boluň zähmetde maňa ( N Pomma . Saýlanan eserler).


KÜLÜŇLEMEK, Küluň bilen gazmak, külüň urup işlemek. Gaty ýeri külüňläp gazmak. Çagylly ýeri külüňlemek.


KÜLÜŇLENMEK,  Külüň bilen gazylmak.


KÜLÜŇLETMEK, Külüň bilen pazdyrmak, külüň urdurmak. Külüňledip guýy gazdyrmak.


KÜLÜŇLEŞMEK, Külüň bilen gazyşmak, külüňlemäge kömek edişmek.


KÜLÇE, Ýag, ýumurtga we gant goşulyp, süýde ýugrulyp bişirilýän tegelek köke, çörek.

Bu haltalaryň içinde ir-iýmişdir süýde bişen külçeler bardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onsoň hem, ol ýerde kim saňa palaw bişirer, külçe, börek bişirer, kim saňa gök çaý demlär (G. Muhtarow, Pьesalar).