SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÜD

KÜJ

KÜÝ

KÜK

KÜL

KÜM

KÜN

KÜŇ

KÜP

KÜR

KÜS

KÜT

KÜH

KÜÇ

KÜŞ


KÜNDE I, kön. s. Ýer sürülýän sada gurluşly azalyň ýeri agdarýan bölegi, ýere girýän burny. Bir salkynda köne künde we bir jübüt öküz bilen sürlen ýeri derrew ekmelidi («Kolhoz günleri»). Heý, sypatyň gursun, iliň ýagşy gününi görüp bilmän, çaýyrlykda iglen kündä dönupsiň (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


KÜNDE II, kön. s. Agyr jenaýat edenleriň eline ýa-da aýagyna salynýan zynjyr, gandal. Aýaklaryndan künde, asylan ýaly, biri-biriniň öňüne zordan geçýär (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Biz baranymyzda aýagy agyr kündeli ýesirler kän ekeni (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


KÜNDÜK, Suw guýlup el-ýüz ýuwmak üçin ulanylýan, tüňçä meňzeş jüründikli çoýun ýa-da mis gap. Altyn eline kündügi alyp, suwdan dolduryp, ojagyň başyn-da goýdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ine görseň, bir ýerde gadymy köne semawar, gara kündük, tüňçe otyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KÜNJARA [künja:ra], Ýagy alnan pagta çigidiniň, künji, kenep ýaly ösümlik däneleriniň gemresi. Iýmlik arpa, künjara ýaly zatlar salynýan sklad görünýär («Kolhoz günleri»). Pagtadan ýag, sabyn, her hili dermanlar,  künjara,    kagyz  önýär. («Mydam  taýýar» gazeti).


KÜNJEK, 1. Tamyň, jaýyň burçy. Bagyň dürli künjeklerinden aýdym-saz sesi ýaňlanýardy    («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Merkezden  uzakda ýerleşýän ýerler, çet. Bu ýerde diňe bir   biziň   Watanymyzyň däl, eýsem  ähli ýurtlaryň  dürli  künjeklerinden gelen adamlara-da duş gelinýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÜNJI, bot. Ownujak dänelerinden ýag alynýan bir ýyllyk ösümlik. Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Jöwen, mäş, künji ýaly ekinlerden birneme hasyl aldyk («Ýaş kommunist» gazeti).


KÜNÇ, ser. K ü n j e k. Ejem künçde stuluň üstünde  otyr («Mydam taýýar» gazeti).