SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÜD

KÜJ

KÜÝ

KÜK

KÜL

KÜM

KÜN

KÜŇ

KÜP

KÜR

KÜS

KÜT

KÜH

KÜÇ

KÜŞ


KÜKEMEK,  1. Ýiti ys gelmek, ys bermek. Kebap ysy kükäp howla dolanda, Göwünlerde   gizlin göterim joşdy  («Sowet edebiýaty» žurnaly). Şöhlesini dökýän Günüň astynda, Gülden   kükeýärdi duhi-atyrlar. (B. Kerbabaew, Aýlar).

2. Ýanman tüsseläp durmak, burugsamak.


KÜKETMEK, 1. Ýiti ys çykarmak, ys bermek. Ys ýaýratmak. 2. Tüsseletmek, burugsatmak. Çilimit kükidip, tamy tüsseden doldurdy.


KÜKREK, Adamyň ýa-da haýwanyň bokurdagynyň çykan ýerinden döşüň gutarýan ýerine   çenli öň tarapy, döş. 

<> Kükregiňi germek — bir maksat iş üçin gaýduwsyz durmak, göreşmek. Sen meni ösdürdiň, kükregiň  gerdiň, Mert bol, balam! — diýip öwütler berdiň. (Çary Aşyr,  Poemalar).   Ganly söweşlerdde kükregiň gerip, Arslan ýürek gahrymanyň asly sen.(A. Kekilow, Saýlanan eserler).


KÜKREMEK, 1. ser. Esremek. Öýkün diýseň ol ýaňy aýak biten gölejik hem, kükräp duran iner hem bolup bererdi  (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Iner agzyndap ak köpük saçyp, kükräp çyrpynýar.

2. Gaharlanyp gaty gygyrmak, üstüne dyzamak. Ýigrenen adamsyna şeýle bir şerebeli sözler bilen kükräü başlaýar welin, zada meňzeş däl. (N. Pomma, hyzzyn). 3. göç m.  Pyýan, mes bolup gürlemek, düblemek. Arkaýyn bol, ol geler, onda-da kükräp geler (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


KÜKREŞMEK, Köp bolup  kükremek, esreşmek. Esreşýär erkekler, kükreşýar nerler (N. Pomma. Saýlanan eserler). Är ýoldaşlar är dek aýaga galyp ýolbars dek kükreşip, şirler ýetişdi («Görogly»).


KÜKÜRT, 1. Ýanýan sary mineral jisim, himiki  element (tehnikada we meditsinada peýdalanylýar). Dürli magdan: kömür, kükürt çykyp dur (Ata Salyh. Saýlanan eserler).

2. ser. O t l u ç ö p.   Öwez kisesinden kükürtini tapyp bilmän duran başlygynyň papirosyny otlap berdi.(«Sowet edebiýaty» žurnaly).