SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEGAL, Kanuna laýykly, kanuny diýip bilnen, kanuna laýyk mümkinçiliklerden peýdalanýan, kanuny açyk. Partiýa legal ýagdaýa geçdi («Türkmenistan kommunistik» žurnaly).


LEGALLAŞDYRMAK, Legal ýagdaýa geçirmek.


LEGALLAŞMAK, Legal ýagdaýa geçmek.


LEGEN, Kir ýuwmak üçin ýa-da hojalykda başga zatlar üçin ulanylýan ýuka demir gap, taz. Aýsoltan onuň agzynyň gabadyna legen tutmaga ýetişdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol legenini suwdan dolduryp gelşine, Sara ýüzlendi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LEGE’NDA, 1. Bir taryhy waka ýa-da adam hakynda aýdylýan rowaýat, hekaýa. Çünki «Çapaý çalasyndy» diýen ýaly ertekiler, legendalar halkyň arasynda köp ýaýrapdyr («Mydam taýýar» gazeti). Bu arzuw halklaryň legendalarynda beýan edilýär («Pioner» žurnaly).

2. Bolmajak zat hakda toslama gürrüň, erteki. Bu barada paýtun hakyndaky legendalar şaýatlyk edýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LEGENDAR, Haýran galdyryjy, görlüp-eşidilmedik, üýtgeşik, geň. Legendar Çapaewiň batyrlygy hakynda ençeme aýdymlar aýdylýar («Mydam taýýar» gazeti). Legendar gahryman Keýmir kör («Sowet edebiýaty» žurnaly). Görogly legendar gahrymandyr («Görogly» eposy).


LEGZAN [legza:n]: legzan urmak — hars urup aýlanmak, çarpynyp ýörmek, elewjiräp ýörmek. Nirelerde legzan urup ýörsüň?!


LEGIO’N, 1. tar. Gadymy Rimde: uly goşun bölümi. Rim goşuny legionlardan ybarat bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy). Ahyrda rimlileriň legionlary. Mitridat VI agyr ýeňlişe sezewar edipdir (SSSR taryhy).

2. Käbir ýurtlaryň ýörite goşun bölüminiň ady.


LEGLEK, zool. Uzyn aýak, durna meňzeş ak guş.


LEGSAN [legsa:n]: legsan etmek — basyp-basalaşdyryp, iýip weýran etmek (ekin-dikin hakda). Her kim her zat diýse-de, arpany legsan eden zadyň nämedigini bilen bolmady (B. Kerbabaew, Japbaklar).