SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEZGILER, Esasan Dagystan ASSR-nde hem-de Azerbaýjan SSR-niň käbir ýerinde ýaşaýan Kawkaz halky. Lezgi dili. Lezgi edebiýaty.


LEZGI’NKA, Kawkaz halklarynyň çalasynlyk bilen oýnaýan tansy we şol tansyň sazy. Ol käwagtlar lezginka oýnaýardy.


LEZZET, 1. Gowy iýmitden alynýan maza. Uly goşant borsuň Türkmenistana, Dürli miweleriň lezzet bir jana (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Bişen gawun sapagynda uzak ýatsa, hiç kime lezzet bermez (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Ýakymly we mylaýym ýagdaýdan, duýgudan alynýan oňat täsir, keýip, hezillik, sapa, eşret. Mähri, sen dünýäniň lezzetini bilmeýärsiň. (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gazeti çaý başynda okasaň lezzeti aýry bolýar, maňzyňa oturýar (A. Durdyew,Saýlanan eserler). Bu gün gyzlaň aýdym sesin, diňläniňde lezzeti bar («Sowet Türkmenistanynyň aýallar  žurnaly).


LEZZETLENMEK, Gowy iýmitden, ýakymly we mylaýym ýagdaýdan lezzet almak, maza almak, hezil etmek! oňat täsir almak. Sahawat öz-özünden lezzetlenmek heseline gark bolup durdy. (M. Gorьkiý, Eserler).


LEZZETLI, 1. Mazaly,  tagamly, süýji.Eçerde bolsa daýhanlar ýene öz aralarynda    palawdan, ýagly çekdirmeden we başga lezzetli naharlardan söz açyp agyzlaryny suwardyp gürrüň edişýärdiler (A. Gowşudow,, Powestler we hekaýalar). Nahar örän lezzetli bolupdyr.

2. Lezzeti bar bolan, ýakymly, mylaýym täsir edýän, keýpli, hezil, eşretli. Gujak açýan guwançlara buýsanyp, Durmuşyň lezzetli kölünde ýüzdi.(B. Kerbabaew, Aýlar). Indi diňe köp we ýagşy okan adamlar, köp we ýagşy işleýän adamlar oňat, lezzetli ýaşaýarlar («Sowst edebiýaty» žurnaly).


LEZZETSIZ,  1. Lezzeti  bolmadyk, süýji  däl, tagamsyz, mazasyz. Lezzetsiz nahar. Lezzetsiz et. Lezzetsiz gawun.

2. Ýakymsyz we mylaýym  bolmadyk   duýgy galdyrýan,   lezzeti,  keýpi-sapasy   bolmadyk,  eşretsiz. Bu päk duýgynyň yolunda jan aýaman ölüme gidýän rymanlar bolmasa, durmuş lezzetsiz hem birsyhly bolardy   (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


LEZZETSIZLIK, 1. Lezzetsiz bolmaklyk, süýji dällik, tagamsyzlyk. Naharyň lezzetsizligi. Iýmşiň lezzetsizligi.

2. Ýakymly täsir etmezlik, lezzetli dällik, keýipsizlik. Edilýän gürrüňiň lezzetsizligi. Oturylyşygyň lezzetsizligi.