SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEPBEÝ, gepl. d «Gulluk, bolýar, siziň hyzmatyňyza taýýar» diýen manyny aňladýan söz. Sen ýöne biziň diýenjigimizi etde, näme buýursak, lepbeý diýde, işledijik ýör — diýip, Gurbany süýt kölüne batyrdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Lepbeý diýip, baýa boýun burardy, Baý hem ony: — Ysnat — diýip urardy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


LEPBERILMEK, ser. Lepbermek. Jeýirdäp duran diliň bolsa, lepberilip oturan ýeriňden bize nobat bermän, gürrüň edip otursaň näderdik? (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Iç işikde lepberilip oturdy (N. Pomma, Egri eýikmez).


LEPBERMEK, Ýapyrylyp oturmak, iki eplenen ýaly bolup oturmak, ýapbaşyp oturmak.


LEP-LEP: l e p-l e p etmek—yraň atyp, giň ädip, tagaşyksyz ýöremek. Annaguly-da onuň yzyndan lep-pep edip barýardy. Han küýli elmydama bir ýörşide lep-lep edip ýöreýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).