SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEMMER, Üsti-üstüne üýşen, toplanan, üýşmek. Agramly gara bulut lemmer atyp. mawumtyl asmanyň ‘ýüzünde ondan-oňa göçýärdi {B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


LEMMER-LEMMER, Üsti-üstüne, gat-gat, topbak-topbak. Asmanyň ýüzüni lemmer-lemmer gara bulut örtdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Lemmer-lemmer bulut oýnap, baz eder, Bal hem bolsaň, damma ýaryň üstüne. Lemmer-lemmer çal bulutlar dagady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LEMMI-LEMMI: lemmi-lemmi etmek — bolgusyz, utursyz gürläp oturmak, biderek gürrüň etmek. Kägünler bolsa bazarda onuň-munuň ýanynda lemmi-lemmi edip gününi ýaşyrýardy Hemmesi hem seniň özüňdendir-le, baran ýeriňde lemmi-lemmi edip oturansyň, häli men gitsem, boş gelmejegimä bilýän (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


LEMMERLENMEK, Lemmer-lemmer bolmak, üsti—üstüne üýşmek, gat-gat bolmak. Lemmerlenip gara bulut ýöredi, Günuň ýüzün tutup, gögi büredi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Dag gerişleriniň its belendiniň başynda pajarly lemlerlenip ýatan gar bardy. (M Gorьkiý, Eserler).