SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LENJIKDIRMEK, Halys irizmek, bizar etmek. Şol bir aýdanyňy aýdyp lenjikdirmek .


LENJIKMEK, Halys irmek, bizar bolmak.


LENINI’ZM, W I. Leniniň imperializm we proletariat rewolýutsiýasy şertlerinde marksizmi mundan beýläk-de ösdürýän we konkretleşdirýän taglymaty. Olar leninizme garşy bolan reaktsion propagandany paş etdiler («Türkmenistan kommunistik» žurnaly). Lenşizm — ýüzlerçe million adamlaryň göreşiniň mukaddes baýdagydyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LEN1INÇI, Leninizmiň tarapdary, Leniniň taglymatyna, işine berlen. Ony leninçi bolşewikler uly kynçylyklary başdan geçirmek bilen gazanýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LENINÇILIK, Leninizme tarapdarlyk, Leniniň taglymatyna, işine berilmeklik. Leninçilik printsip esasynda döredilýär («Türkmenistan kommunisti» žurnaly). Leninçilik işi ölmezdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LE’NTA, 1. Matanyň insizje uzyn bölegi. Meniň saçymdaky lentalar nähili ajap! (N. W. Gogolь, Eserler).

2. Belli bir materialdan bolan uzyn zolak zat. Otlan ýaly köne topuň peltesin, Ýa-da partlaýjy minalentasyn (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Şol wakalar kino lentasy ýaly hatar-atar bolup göz öňüne gelýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kükredi pulemiot lentasy barha Ýaryldy granat zyňylyyp dynman (A Nyýazow, Şygyrlar).

<> Hyýal lentasy — yzy üzülmän edilýän pikir, hyýal. Ine, hyýal lentasy birden şarpa üzülýär («Sowet edebiýaty> žurnaly).


LENÇ: 1) lenç etmek — 1) şol bir zady gaýtalap durmak, ýagyr etmek, suwuny çykarmak, halys irizip ýürege düşmek Ol lenç edilen standart jümlelerden peýdalananok («Sowet Türkmenistany» gazeti”!;

2) myžžygyny çykarmzk, döwnemek, basgylamak. Hüjüm edip çar tarapdan kän ýagy, Lenç edildi, depeleriň topragy (A Keknlow, Saplanan eserler); 2) lenç bolmak — bizar bolmak, halys bolmak, ýadamak. Bu hakdyr, mekdende çenden ýaltadym, Partada lenç bordum gaýgydan щyaň (Ş. Petefi, Goşgy we poemalar) Lenç bolýardyňyz agyr gün görüp. (Ata Salyh, Saýlanan eserler).