SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEÝ, Rumyniýada pul birliginiň ady.


LEÝB-GWA’RDIÝA, harby.  Edara  ediliş formasy. Monarhiýa esaslanýan käbir ýurtlaryň aýratyn hukuk goşuny.


LEÝBORI’ST,  syýasy   Angliýanyi reformistik syýasaty ýöredýän işçiler partiýasynyň çleni. Leýboristleriň bir   topary hem  öz nobatynda hökümeti iňlis—amerikan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin çäre görmäge çagyrýan düzediş hödürledi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


LEÝBORISTIK, Leýboriste has bolan, leýboriste degişli bolan.


LEÝKA, Insiz plionkaly fotoapparatyň bir görnüşi.


LEÝKEMIÝA, med. Leýkotsitleriň has köpelmegi bilen döreýän gan keseli, ak ganlylyk keseli.


LEÝKOTSIT, fiziol Ganyň reňksiz şar görnüşlý kletkasy. Leýkotsit — ak gan bedenjikleri (A. N. Kbanow, Adamyň anatomnýasy we fiziologiýasy).


LEÝKOTSITOZ, Ganda leýkotsitiň sanynyň köpelmgi.


LEÝLISAÇ, bot. Söwüdiň, talyň inçe ýaprakly çybyklarynyň aşak sallanyşyp duran bir görnüşi.Gyralaryna çynar,leýlisaç, tut agaçlaryny ekip, aýagyndan sakasyna çenli iki ýan gapdalyna, çenli daş ördüler  («Sowet edebiýaty>   žurnaly).


LEÝS: 1) leýs   bolmak— köp mukdarda çaşyp dagap, dökülip ýatmak, bol bolmak. Her ýerde gawun, her ýerde garpyz leýs bolup ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Duşmanlaryň maslyklary leýs bolupdy (A.Gowşudow, Mähri—Wepa).

2)  l e ý s   e t m e k — weyran etmek, çalam-çaş etmek, zaýalamak. Mallar oty leýs etdirler.


LEÝTENA’NT, Goşunda we flotda kiçi leýtenatdan soňky dakylýan ofitserlik at, dereje hem şol ady, derejäni alan şahs. Leýtenant zol yzyna gaňrylylp garaýardy  («Sowet edebiýaty» žurnaly). Wepa Ama urşuň ilki başlarynda leýtenantdy (A.  Gowşudow, Mähri – Wepa).Aňyrdan hasyrdap nobatçy leýtenant geldi (G Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


LEÝTENANTLYK, Leýtenantyň gulluk  ýagdaýy.


LEÝTMOTIW, Saz eseriniň başyndan tä ahyryna çenli gaýtalanýan esasy äheňi, temasy. Ol prolog bolsa pьesaniň leýtmotiwi bolupdyr («Sowet Türkmenistany» gazeti).