SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEŇ : Leň etmek — Bizar etmek, bir zady aýdyp diýip halys ýürege düşmek.


LEŇKE.   Zolakary inli  galyň  nah mata.


LEŇKEBUT [leňkebu :t]zool. Kerepden tor ýasayan, satanlak, uzyn aýak möýün bir görnüşi. Sebäpsiz ýere leňkebutdan, tarakandan, syçandan gorkýan adamlar bar ahyry (M. ÝU. Lermontow, Bizin, zamanymyzyň gahrymany).


LEŇKILDEMEK, Lenk-leňk edip ýöremek, çalt we ýeňil ýöremek; lenk edip galmak. Baharyň berdaşly gollarynyň güýjünden Wüşi kel içi boş kädi ýaly leňkildäp galýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Aşyr ir bilen nirädir leňkildäp barýardy.


LEŇKILDETMEK, Agsadyp ýöretmek, keýtikletmek, leňk edip ýokary galdyrtmak. Ol çep aýagyny leňkildedip, pьýanlaç ýylgyrmak. bilen oňa göwünlik berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


LEŇKILDEŞMEK, Leňk-leňk edişip ýöremek, leňkidik-leňkidik edişip ýöreşip gitmek. Suriniň agsak-çolaklary leňkildeşip, süýrenişip barýardy.


LEŇKILDI, Agsaklap ýeňil ýöremegiň bir görnüşi, ýöreýiş ýagdaýy; galgaýyş.


LEŇK-LEŇK: leňk-leňk etmek — dowamly hereket bilen leňkildäp ýöremek, agsaklap çalt we ýeňil ýöräp gitmek; galgap durmak.


LEŇŇER, 1. Guýudan suw çykarmak ýa-da beýiklige suw, agyrlyk çykarmak üçin edilýän gural, ryçag. Eliň zarby hem onuň öz leňňeri wyşkany iki baka näçe yrasa-da, güýçli traktorlar onuň ýykylmagyna maý bermeýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Guýudan suwy leňner bilen çykarýarlar.

2. Bir zadyň mäkäm durmagy üçin ondan asylyp goýulýan agyrlyk. Tüýnükden leňňer assana! («Tokmak žurnaly). <> L e ň ň e r atmak — ýaýkyldap durmak, yranyp durmak, çaýkanmak. Leňňer atyp duran paýapyldan geçjek ýaly ýaýdanýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Parohod leňňer atýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LEŇŇEÇ, zool. Sekiz sany uzyn aýakly, gysgyç agyzly, uzyn murtly, suwda ýaşaýan jandar. Howdanda bir garry leňňeç ýaşaýan eken (L. N. Tolstoý, Basnýalar) Ol leňňeç ýaly derrew beýleligine döndi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gurbaga we leňňeç suwda ýaşaýan jandarlardyr.