SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEKLEKI, Perikden çözlenýän ýüpegi, ýüplügi saramak, keleplemek üçin ýönekeý el guraly. Bizi bassyrmanyň bir çetinde duran lekleki ýaly çarhyň ýanyna alyp bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LEKSIK, Leksika degişli bolan. Leksik goşundylar baradaky mesele biziň terjimeçilerimiziň arasynda dürli pikirler döredýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LE’KSIKA, 1. Bir diliň sözleriniň jemi, sözlük sostawy. Türkmen diliniň leksikasy giňeldi («Türkmenistan kommunistik» žurnaly). Beýik Oktýabrь sotsialistik rewolýutsiýasyndan soň türkmen diliniň leksikasy örän baýlaşdy.

2. Belli bir oblastda ulanylýan sözleriň ýa-da bir eseriň dilindäki sözleriň jemi.


LEKSIKOGRAF,   Leksikografiýadan  spetsialist.


LEKSIKOGRAFIK, Leksikografiýa degişli bolan, Leksikografik iş.


LEKSIKOGRA’FIÝA, Sözlük düzmekligiň teoriýasy we praktikasy. Leksikografiýa sektory Türkmen leksikografiýasy.


LEKSIKO’LOG, Leksikologiýa bilen meşgullanýan spetsialist.


LEKSIKOLOGIÝA, Dil biliminiň leksikany öwrenýän bölümi. Türkmen dil biliminiň leksikologiýasy boýunça monografiýalar ýazylyp başlandy.


LEKSIKON, Söz baýlygy, söz we aňlatmalar zapasy. Magtymgulynyň leksikony örän baýdyr.


LEKTOR, Lektsiýa okaýan adam Kolhozymyza lektor geldi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


LEKTORIÝ, Köpçülik üçin lektsiýalar okamagy guraýan edara, şonuň ýaly-da köpçülik üçin lektsiýa okalýan jaý.


LEKTORLYK, Lektoryň käri, wezipesi.


LEKTSION, Lektsiýa etmek ýoly bilen geçirilýän, lektsiýa üsti bilen alnyp barylýan, lektsiýa edilýän. Baýdyr okalgalar, kitaphanasy, Dürli kabinetli, lektsion zaly (A Kekplow, Söýgi).


LE’KTSIÝA, Haýsy hem bolsa bir temany ýa-da predmeti ýatdan, dil üsti bilen beýan etmeklik. Sentýabrь Plenumynyň kararlary hakynda lektsiýa okajak (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ilat arasynda lektsiýalar okamaklygy, syýasy dokladlar we gürrüňler geçirmegi gowlandyrmaly («Sowet Türkmenistany» gazeti)