SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÄD

MÄJ

MÄZ

MÄK

MÄL

MÄM

MÄR

MÄT

MÄH

MÄŞ


MÄ, Owlak-guzy, goýun-geçi mälände çykýan ses. Otdan, suwdan doýmasa, «Mä, mä» edip mäleýär («Mydam taýýar» gazeti). Bir owlajygň «mä» eden sesi eşidildi.

MÄDE, ser. A ş g a z a n.

Ol biziň mädemizi, bagyr-bajagymyzy dograp, meýdana taşlap biler (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ol teşnelikden. horluk çeken balyk ýaly mädesini giň açyp, agşamyň tämiz howasyny içgin-içgin sorýardy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

<> Mädesi iri — nahar dandamaýan, horan. Bä-ä, her ýerde mädesi iri ýigitler bar-ow! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<>Mädäňe degmek — ýüregiňe degip, işdäň kesilmek (nahar iýlende).

<>Dok mäde — açgöz däl, doýgun. Birnji gelen dok mäde möjek bolsa maslygň ol ýerinden bir, bu ýerinden bir agyz uran bolup ýördi (J. Akyew, Mergenyň ogly).