MÄJ | ||||
MÄJERLEMEK, ser. Mäjumlamak. Köp soldurdy gyzyl gülüň sunçasyn, Mäjerledi zalym, urup penjes5n («Sowet edebiýaty» žurnaly).
MÄJUM [mäju:m], Owradylyp gatyşdyrylan, mynçgalanan, garym-gatym edilen, ezilen. Kirli mäjum der onuň elinden akdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol boz ýeri misli mäjum dek garýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).
MÄJUMLAMAK [mäžu:mlamak], Garym-gatym etmek, garjaşdyrmak, ezmek, mäjerlemek. Onuň adatlanan elleri suw bilen uny sanly salymda mäjumlady-da, güýçli, çalasyn ýumrugy hamyryň eýini ýetirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). |