SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÄD

MÄJ

MÄZ

MÄK

MÄL

MÄM

MÄR

MÄT

MÄH

MÄŞ


MÄREKE,  Köpçüligiň üýşmegi, köp adam ýygnanan ýer, jemagat, jemende, mähelle. Begenç, men seniň märekede sözläniňi, dokladyňy eşitsem-de, beýle dilewardygyňy duýmaýardym (B. Kerbabaew, Aýsoltan).  Märekäň şat sesi asmana galýar («Sowet   edebiýaty»žurnaly).

<> Märeke gören — oturylyşykda, içinde köp bolan. Duran ýigitlýer bu adam märeke   gören şorta adamdygyny dessine tanadylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MÄREKEMAN [märekema:n], Märekede bolmgy halaýan, märekäni gowy görýän, märekäni söýýän. Ol daşyndan utanjaň ýaly bolup görünse-de, märekeman, gepi-sözi ýerinde bolan adamdy. Ol gaty märekeman eken («Sowet edebiýaty» žurnaly).