SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÄD

MÄJ

MÄZ

MÄK

MÄL

MÄM

MÄR

MÄT

MÄH

MÄŞ


MÄTEL, gepl. d. Ser. Mähetdel.

Sen gitseň uly iş galmazmy mätel? Diýip, soňlamanka gapy kakyldy («Sowet edebiýaty»    žurnaly).


MÄTÄÇ, 1. Zada zar, gytçylykda ýaşaýan, maddy taýdan horluk çekýän, garyp.

Daýhanlar hususy işlerini taşlap, mätäje kömege ýetişmegi özleriniň mukaddes borçlary hasap edýärdiler  (B. Kerbabaew. Agytly ädim).

2. Bir zada garaşly, bir zada asly bagly bolan. Onuň beýnisi çaýkanypdyr, bejerilmegine mätäç. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary»žurnaly). Biz bu düme ýere mätäç hem  bolup durmarys (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MÄTÄÇLIK, 1. Zada zar bolmaklyk, gytçylykda ýaşamaklyk, maddy taýdan horluk çekmeklik.

2. Bir zada garaşlylyk, bagly bolmaklyk, bir zatdan  asyly ýagdaýdalyk. Artyk han, meniň maslahatça  mätäçligim ýok (B. Kerbabaew,   Aýgytly ädim).