SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÄD

MÄJ

MÄZ

MÄK

MÄL

MÄM

MÄR

MÄT

MÄH

MÄŞ


MÄŞ, bot. Seçmä meňzeş togalajyk däneli hasyl berýän kösükli ekin we onuň iýilýän dänesi. <> Mäşi bişişmezlik — agzybirlikde ýaşaşmazlyk, sözi alyşmazlyk, oňuşmazlyk. Görýän welin, seniň bilen meniň mäşim bişişejek däl (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MÄŞBÜRÜNÇ, Ýaňy agaryp başlan sakgalyň reňki. Ol orta boýly, sakgaly ýaňy mäşbürünç bolan bir adamdy (B. Gurbanow, Duşuşyk). Onuň ýüzüni mäşbürünç sakgaly we timarlanan murtlary gelişige getirýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÄŞE, 1. Tüpeňiň gulagy; çakmak. Gaçmaga hyýallanan haýwana baka tüpeňini öwrüp,

mäşeni çekdi (A. Gowşudow, Köpetdagň eteginde). Men tüpeňiň mäşesini gysanymdan, okumyň boş geçmejegini aňdym («Pioner» žurnaly). 2. dial. Ätişgir.


MÄŞEWE, Mäşden bişirilýän nahar, çalkama. Öz yssyja mäşewäňize etseňiz, niçik bolarka?! («Görogly» eposy).


MÄŞIRIK, dokm. Dokma ýüwürtmek üçin nörite bükdürilen erişden saralan süýri ýumak. Her biri mäşirik ýaly güýzbişer almalar sallanyşyp ýatyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).