SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÄD

MÄJ

MÄZ

MÄK

MÄL

MÄM

MÄR

MÄT

MÄH

MÄŞ


MÄHEK,, geol. Gaty dag jisimi.

<>mähek ýaly, Örän düşbi hem dogumly.Onsoň hem ýaşynda mähek ýaly ogly bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÄHELLE, Toplanan köp adam, jemende, köçäniň çatrygynda her gün daň atmasy bilen başlanýan janly hereket durdugyça  gyzygyp mähellesine meňzýärdi   (A.Gowşudow, saýlanan eserler).


MÄHETDEL, Sabyrsyzlyk bilen garaşyş, göz dikip egelenip duran bendiwan. Soltansöýün atdan düşmäge mähtdel gazap bilen Güle bakan okduryldy. Olaryň hemmesi onuň agzyndan söz çykaryna mähetdeldi. (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

<>Mähtdel galmak — bir zada garaşyp, intizar bolup durmak.


MÄHIR, Rehimdarlyk duigusybar bolan, yhlas bilen edilýän ýüreg söýgüsi. Anna Petrowna  Artyga bakan özünde aýratyn mähir syzýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<>mähir bilen garamak — yssy mähirli seretmek,yhlas bilen seretmek.

<>Mähir inmek — Rehimdarlyk duýgusy döremek   Näzik ejäniň ýüregine täze mähir indi-de, onuň Bahara bolan söýgüsi has güýçlendi.(A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<>Mähirden ganmak — biri-biriňi joşgunly mähir-de görüp ynjalmak, mähir duýgusyndan  doýmak. Goý, biri-biriniň joşgunly mährinden ganyşsynlar (B.Kerbabaew, Aýsoltan).


MÄHIRLI, Rehimdarlyk duýgusy bar bolan, mylaýym gatnaşykly, ýakymly mähir bilen   aragatnaşyk saklaýan. Egni gara mahmal palьtoly, başy uzyn  seçekli owadan ýüpek ýaglykly, näzenin gyz Baýlynyň gözüne örän mähirli göründi   (B. Gurbanow, Duşuşyk).


MÄHRLILIK, Mähirli bolmaklyk, rehimdarlyk düýgysy barlyk,  mylaýymlyk, ýakymlylyk.   Jamaly yssy mähirlilik bilen goltugyna  gysyp, pugta  öpdi (B.Gurbanow, Duşuşyk).


MÄHIRSIZ, Rehimdarlyk duýgusy bolmadyk, mylaýym däl, mähirli däl. Onuň mähirsiz ýüzüne ýigrenç bilen garady (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MÄHIRSIZLIK, Rehimdarlyk duýgusy ýokluk, mähirli däellik, mylaýym dällik.


MÄHNET, 1. Örän uly, ägirt uly, daýaw. Garpyzlaryň her biri Köpetdagyň mähnet daşlary ýaly çaknaşyp ýatyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Pökgen özüniň mähnet gowresini zordan göterip, loňk-loňk edip ylgaýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýuwaşja ösýän şemal tokaýyň köp ýaşan mähnet agaçlaryny çalaja yralýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Birdenkä arka tarapda yzly-yzyna mähnet gümmürdiler gopdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. göç. m. Zähmet azaby, jebir-jepa, kynçylyk, azap. Şol çekilen mähnetleriň indi rähneti ýetip gelýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Gelen döwlet,giden mehnet (nakyl).


MÄHRAP, dini. Metjidiň diwarynda Käbä(Mekgä) tarap ugry görkezýän gapy pisint uly köw, tagça. Metjit, mährap, tesbi, haçlaryň bary Halky gul etmekden galan nyşana («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÄHREWSIZ, Rehimsiz, mähirsiz, zalym. Emma suwsuzlyk belasy mährewsiz hüjüm edýärdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÄHREM, ser. Mähriban. Mährem ene göwsün gerdi üstüne («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÄHREMLILIK, ser. Mähribanlyk.


MÄHRIBAN [mähriba.n], 1. Mähirli, mylakatly, rehimli, mährem. Ýylgyranda, onuň ýaňaklarynda emele gelýän çukaçaklar Begenjiň gözüne Aýsoltany adatdan daşary mähriban, ýakymly, gelşikli, owadan bir gyz edip görkezýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Gadyrly, söýgüli, eziz. Biziň mähriban Sowet döwletimiz berkedi.


MÄHRIBANLYK [mähriba:nlyk], Mähirlilik, mylakatlylyk, rehimlilik, mähremlilik. Indi mähribanlyk bile bakyşyp, Dostluk bilen gürrüň edýär, gülüşýär (R. Seýidow, Bagtlylar).


MÄHRIBANÇYLYK [mähriba:nçylyk], ser. Mähribanlyk. Onuň mähribançylygy, gelene-gidene ýakymlylygy hiý diýip-aýdar ýaly däldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).