SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÄD

MÄJ

MÄZ

MÄK

MÄL

MÄM

MÄR

MÄT

MÄH

MÄŞ


MÄKI, 1. dokm. Erşiň arasyndan argaç geçirmek üçin ulanylýan iki ujy hem süýnmek dokmaçylyk en1amy, Soňra Garýagdy okopyň üstünden mäki ýaly iki ýana geçýän minalaryň sykylygynyň we oklaryň şuwlamasynyň astynda düýrülip, ýygrylyp, hüwdülenen ýaly bolup uka gitdi (H. Ysmaýylow, Powestler).

2. Tikin maşynlarynda aşaky sapagyň ýerleşýän bölegi, Ýürek tikin maşynynyň mäkisi ýaly gürsüldeýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÄKIÝAN [mäkiýa:n], zool. Urkaçy jynsly towuk, guş we ş m. Ol haýsy ýumurtgadan horaz, haýsyndan mäkiýan çykjagyny bilmäge ymtylýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MÄKÄM, 1. Pugta, gaýym. Türkmen gyzynyň keşdelän bu ajap haltajygyny şanly ýadygärlik hökmün-de on üç ýyldan bäri mäkäm saklaýaryn («Sowet edebiýaty» žurnaly). Artyk Babala nebsewürlik bilen garandan soň, göýä diýersiň, oňa kasam eden ýaly, ony mäkäm ogşady (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Berk, durnukly, pugta. Jigim, mäkäm dostluk gerek. Çagalaň--da durmuşynda («Mydam taýýar» gazeti).


MÄKÄMLEMEK, 1. Mäkäm etmek, gaýym etmek, pugtalamak, berklemek.

Dalbarlyk diken pürslerimiziň düýbüni pugta mäkämledik.

2 Pugta ildirmek, ýapmak, beklemek, berkitmek. Derwezäniň işigini mäkämläň! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Ýadyndan çykmaz ýaly pugta tabşyrmak, sargamak, takyklamak.


MÄKÄMLENMEK, 1. Mäkäm edilmek, gaýym edilmek, berk bolmak, pugtalanmak.

Biziň işimiz ösýär we mäkemlenýär.

2. Pugta beklenilmek, ýapylmak, ildrilmek, berkidilmek. Derwezäniň agzy mäkämlendi.


MÄKÄMLIK, 1. Gaýymlyk, pugtalik.

2. Berk edilenlik, berk haldalyk.