SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÄD

MÄJ

MÄZ

MÄK

MÄL

MÄM

MÄR

MÄT

MÄH

MÄŞ


MÄLEMEZ, Alty ýaşly goýun.


MÄLEMEK, «Mä» edip seslenmek (geç, goýun we ş.  m.  hakynda).

Ol häzir sowuk howada mälemäge-de ýaraman duran ýalydy («Kolhoz günleri»).

Süýtsüz mälemek —  biderek  wada  bermek, öwüýa:


MÄLETMEK,   Mäläp duruzmak,«mä» etdirmek.


MÄLEŞMEK, Köp bolup mälemek, ýerli-ýerden, mälä durmak, bir näçe bolup mälemek. Meýdanyň şor otundan doýan goýunlar mäleişp, nowalara tarap eňýärler. («Kolhoz günleri»).


MÄLIM, Aýan bolup duran, aýdyň bolan, belli.

Men erkli döwrüň ygtyýarly ýigidi bolup, öz pikirimi, öz islegimi oňa mälim etdim. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Onuň içindäkiniň kömürdigi daşyndan hem mälimdi (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


MÄLÄBERMEK, Birdenkä mäläp başlamak. Guzy ýatan ýerinden birden. mäläberdi.