SÖZLÜG

ZAB

ZAW

ZAG

ZAÝO

ZAŽ

ZAZ

ZAK

ZAL

ZAM

ZAN

ZAŇ

ZAŇŇ

ZAP

ZAR

ZAT

ZAH

ZAÇ

ZAÝ


ZABO'ÝŞŞIK, Magdan, kömür gazyp çykarýan işçi. Zaboýşşik bolup işlemek.


ZABT: zabt etglek — 1) harby güýçleri toplap hüjüm etmek, şturm etmek, çozmak;

2) zor bermek, depgini güýçlendirmek. Gyzlar, şu günkimiz ýaly ertir hem pagta zabt etsek, birigün irden gyzyl kerwen ugradarys (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ZABUN [zabu:n], 1. Gaty rehimsiz, çakdanaşa berk, pugta. Ermolaý ony gaty zabun tutardy (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan). Durmuşyň özi Artygyň gözündäki daňyny aýryp, zabun, sütemkär Eziz hanyň hakyky keşbini oňa görkezýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Örän güýçli, gazaply. Nemetsler zabun ýeňlişe duçar bolupdyrlar (SSSR taryhy). Zabun sowuk howa.


ZABUNLAŞMAK [zabu:nlaşmak], Zabunlygy artyp başlamak, rehimsizligi, zalymlygy güýjäp başlamak.


ZABYRDAMAK, 1. Wazlap çalt hereket etmek, dazlap gitmek, örän çalasyn gitmek, zabyrdyly seslenmek. Ýatan ala ganjyk ok ýaly zabyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Agyr ýükli maşynlar zabyrdap geçýärdiler (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

2. göç. m. Agzy-agzyna ýetmän gürlemek, örän çalt geplemek, agzynyň ýetişip bildiginden geplemek. Zabyrdap gürrüň etmek. Zabyrdap kitap okamak.


ZABYRDAŞMAK, 1. Bir näçe bolup zabyrdamak, zabyrdyly seslenişmek, bilelikde çalt hereket edip gitmek. Maşynlar zabyrdaşyp barýardylar.

2. göç. m. Bir näçe bolup örän çalt geplemek.


ZABYRDY, 1. Çalt hereket, çalt ýöreýiş, gidiş netijesinde çykýan ses. Maşynlaryň zabyrdysy barha güýçlenýär.

2. göç. m. Çalt geplenende eşidilýän gürrüň, ses.


ZABYRT-ZABYRT: zabyrt-zabyrt geçmek — biri-biriniň yzyndan zabyrdyly ses edip, çalt geçmek. yzly-yzyna zabyrdap geçmek.