SÖZLÜG

ZAB

ZAW

ZAG

ZAÝO

ZAŽ

ZAZ

ZAK

ZAL

ZAM

ZAN

ZAŇ

ZAŇŇ

ZAP

ZAR

ZAT

ZAH

ZAÇ

ZAÝ


ZAKA'Z, 1. Bir zady ýasatmak, bejertmek, taýýarlatmak we ş- m üçin edilýän tabşyryk. Oba hojalyk zakazlaryny taýýarlaýan zawod uly rolь oýnaýar.(«Sowet Tükmenistany» gazeti). Siz näme zakaz etmek isleýärsiňiz?  («Tokmak» žurnaly). Şu gün biziň tikinçilik ussahanamyz otuza  golaý  kostýum  zakaz aldy.

2.Tabşyryk boýunça taýýarlanan predmet. Her tseh zakazy yerine ýetirip, işi başga tsehe geçirmäge howlugýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ZAKAZNOÝ, Poçta tarapyndan ýörite jogapkärçilik bilen kabul edilýän. Men   Moskwa   zakaznoý hat iberdim. Zakaznoý banderolь.


ZAKAZÇY, Zakaz edýän adam, zakaz beriji, müşderi.


ZAKGUN [zakgu:n], 1. Dini düşünje boýunça: dowzah-da ösýän, miwesi zäherli agaç.

2. Örän ajy zat, zäher, awy. Alaja göz hojama galla ýerine zakgun bereris (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZAKYJA [za:kyja], zool. Ýylpyldawuk gara ýelekli kiçižik gara garga, zakyja garga. Dogrudan hem şu aýal edil zakyja garga ýaly garady (A. Gowşudow, Eserler).