SÖZLÜG ;

ZAB

ZAW

ZAG

ZAÝO

ZAŽ

ZAZ

ZAK

ZAL

ZAM

ZAN

ZAŇ

ZAŇŇ

ZAP

ZAR

ZAT

ZAH

ZAÇ

ZAÝ


ZAŇŇAR, Şeýtanlyk bilen iş görýän, kezzap, deýýus, zalym. Haý zaňňar, agasynyň malyna el garyp başladow («Görogly» eposy). Zaňňar, Durdy, näme doňan ýaly bolup otyrsyň (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ZAŇŇYRDAMAK, Zaňňyrdyly seslenmek, zaňňyrdyly ses çykarmak, zaňlamak. Asma sagat zaňňyrdaýar.


ZAŇŇYRDATMAK, Zaňňyrdyly owaz, ses döretmek. Ýokarda potologyň has deperäginde, ugursyz gitara zaňňyrdatdylar (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Sandygyň gulpuny zaňňyrdatmak. Jaňy zaňňyrdatmak.


ZAŇŇYRDAŞMAK, Ýerli-ýerden zaňňyrdamak, zaňňyr-zaňňyr edişmek, zaňňyrdyly seslenişmek.


ZAŇŇYRDY, Metal predmetlere urlanda döreýän ses, zaň sesi.