SÖZLÜG ;

ZAB

ZAW

ZAG

ZAÝO

ZAŽ

ZAZ

ZAK

ZAL

ZAM

ZAN

ZAŇ

ZAŇŇ

ZAP

ZAR

ZAT

ZAH

ZAÇ

ZAÝ


ZAPA'S, 1. Mätäçlik ýüze çykanda, taýýar bolup durar ýaly öňünden gamyny iýip toplanan, taýýarlanan zat, artyk duran goýum, basylyp, ýygnalyp goýlan zat. Köp galla zapasy bolan pomeşşikler gallanyň gymmatlygyndan peýdalanypdyrlar (SSSR taryhy). Azyk zapasy edindik.

2. harby. Harby gullugy geçip gelen we gerek bolanda, ýene-de harby gulluga çagyrylmagy mümkin adam. Zapasda duranlaryň goşuna mobilizlenmegi daýhan hojalygyndan işçi güýjüni almak bilen, ony hem agyr güne saldy (SSSR taryhy).

3. Ýeriň astynda ýerleşýän nebit, demir, gyzyl we ş. m. magdan baýlygynyň bar bolan mukdary. Uralyň örän baý demir zapaslary köne ownuk zawodjagazlarda agaç kömründe eredilýärdi («SSSR-in. ykdysady geografiýasy»).

<>3apas şaý — maşynlaryň artyk aýry-aýry bölekleri, detallary. Ertesi sklada traktoryň   zapas şaýlary geldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZAPOWE'DNIK, Del ösumlikleri we haýwanlary gorap saklamak hem-de köpeltmek üçin goralyp saklanýan meýdan, goraw ýer, jaý, goralga. Türkmenistanyň dürli raýonlarynda zapowednikler bar.