SÖZLÜG ;

ZAB

ZAW

ZAG

ZAÝO

ZAŽ

ZAZ

ZAK

ZAL

ZAM

ZAN

ZAŇ

ZAŇŇ

ZAP

ZAR

ZAT

ZAH

ZAÇ

ZAÝ


ZAMAN[zama:n], 1. Döwür, zamana, eýýäm. Size, bagtly gurmaga jan edýän Sowet häkimiýetine garşy.ýyrtiji aklar, wagşy Eziz han ganly göreş alyp barýar.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Häzir şu döwür-de, biziň zamanda, Bir beýik döwlet bar ýagty jahanda.

2. Bagt,çag, mütdet.. Hoş gal, Gözel! Hat ýazyp dur her zaman — Seni çäksiz söýýän ýoldaşyň Aman (N.Pomma, Saýlanan eserler). Dünýeden bihabar, bigaýrat duşman, Bürgüt penjesine düşdi şozaman.(A. Nyýazow, Şygyrlar).

3. gram. Hereketiň bir wagta, ýagny öten, geljek, häzirki wagta degişliligini aňladýan işlik formasy. Işligiň häzirki zaman formasy «-ýar, -ýer» goşulmasy arkaly ýasalýar. Öten zaman. Geljek zaman. Işlikler üç zamanda ulanylýar.


ZAMANA [zama:na], ser. Zaman. 1. Hamytbeg, zamanany siz menden ýagşy düşünýärsiňiz (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Beý diýme, gyzym, men seniň ýagdaýyňa düşünýän, zamana şeýle («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZAMANDAŞ [zama:ndaş], Biri bilen bir zamanda ýaşan, biri bilen bir döwürde bolan, döwürdeş. Zelili Seýdiniň zamandaşydyr.


ZAMUN [za:mu:n], 1. Bir adamynyň eden etmişini gaýtalamajagyna güwä geçip, onuň ähli jogapkärçiligini öz üstüňe almaklyk, kepil.

2. Şaýatlyk, güwälik. Şol dänäni daýhana paýlasaň, indiki ýyla çenli ölmän çykjagyna men zamun! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Zamunyna almak — kepil bolup azat etmek. Tussagy zamunyna almak.


ZAMUNLYK [za:mu:nlyk], 1.Bir adamynyň öz borjuny ýerine ýetirmegine güwä bolup, öz üstüňe alynýan jogapkärçilik, kepillik.

2. Şaýat bolmaklyk, güwälik.


ZAMÇA, Daşy dilim-dilim togalak, sary uly gawun, gawunyň bir sorty.