ZAR |
||||
|
|
ZARÝUNKA, Erkek adamynyň köýnegini ýa ýeňine dakylýan ilgençek, gaşly ilik. ZAR [za:r] I, 1. Ahy-nala, zeýrenç, nalyş, dat-perýat. Iwan Timofeewiç Artygyň oglanyňky ýaly enaýy zaryny eşidende ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hökümete eşitdirip zaryny, Koşşy, batrak baýdan aldy aryny (Mollamurt, Saýlanan eserler). 2. Mätäç, tapmaýan, ýetip bilmeýän. Men iýmäge zar däldim, içmäge-de zar däldim. («Görogly» eposy). Ilde ogluň dyrnagyna zar bolup ýöränler hem bar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Balam, ol indi dynç almaga-da zar boldy diýip zeýrendi (B. Pürliew, Ilkinji gün). Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol (nakyl). Öz arrygyny har eden kişi arrygyna zar bolar (nakyl). <> Z a r ç e k m e k birini görmek arzuwyny edip, zarynlap aglamak, ahy-perýat edip aglamak. Ýene köp aşyk çekdi ah bilen zary, dilber (Nury Annagylyç, Goşgular). Gülaýym diýr, gördüm seniň zoruňy, Görenler çekerler seniň zaryňy («Görogly» eposy). ZAR [za:r] II, Käbir atlaryň soňuna goşulyp, köplügi aňladýan goşulma. Lälezar, gülzar. ZARBA, 1. Urulýan urgy, edilýän hüjum, çozuş, zarp. Halkyň rewolýutsion güýjüniň zarbasyny köne dünýäniň üstüne gönükdirendiklerini Şolohow ussatlyk bilen suratlandyrýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Artygyň polkuna mazaly zarba degipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. göç. m. Depgin, temp, zor bermeklik. <>Zarba urmak zor bermek, zor salmak, urgy indermek, urmak. Motomehçastь, toplar hem minomiotlar, Polka agyr zarba urup başlady (B. Kerbabaew, Aýlar). ZARBYKMAK, Zor görüp agyrmak, zor görüp azmak, agyrysy güýjemek. Ondan soň bokurdagyn zarbygyp çişmebilşinden çişmesin! («Tokmak» žurnaly). Aýagym zarbygypdyr. ZAR-ZAR [za:r-za:r]: z a r-z a r aglamak zarynlap aglamak, ýürek bilen zaryn aglamak. ZAR-ZELIL [za:r-zeli:l], ser. Z a r I. Biz seni göresimiz gelip, zar-zelil bolduk (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). ZARLAMAK [za:rlamak], Ahy-zar çekmek, zar çekmek, nalyş edip aglamak. ZARLANMAK [za.rlanmak], Närazylyk bildirip nalyş etmek, nalamak. ZARŇYLDAMAK, Zarňyldyly ses çykarmak, zarňyldyly seslenmek. Ol şkaf bilen boýdaş bolup, onuň tahyllaryny çekende bolsa, onuň kaşaň simleri zarňyldady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Örän gurat, kirişleri zarňyldap duran dutar, eliňe alyp çalybermeli (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Diwardaky asma sagat yzly-yzyna ýedi gezek zarňyldady («Sowet edebiýaty» žurnaly). ZARŇYLDATMAK, Zarňyldamagyna sebäp bolmak, zarňyldyly seslendirmek, zarňyldyly ses çykartmak. Sandygyň agzyny zarňyldadyp açdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). ZARŇYLDAŞMAK, Zarňyl-zarňyl edişmek, zarňyldyly seslenişmek, yzly-yzyna zarňyldap durmak. ZARŇYLDY, Metal zatlara urlanda, zaňly sandyk açylanda, zaňly asma sagat uranda we ş. m. çykýan ses, owaz. ZARP, 1. Bir hereketiň güýji, bat, ýelgin. Adalatsyz döwri köp gören çaglar, Saraldy, hor boldy ol gara baglar Zarbymyzdan titräp, yranaşyp daglar, Üstünden dumany aýrylsa gerek (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). 2. Urgy, zarba. Men seni ýekeje zarba bilen ýere gömerin (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly)zarp etmek . mat., kön. s. sanlary biri-birine götermen, köpeltmek. Zarp alamaty mat., kön. s. köpeltmek alamaty, belgisi. ZARPLANMAK, Bady has artmak, barha batlanmak, galmak. Başlygyň garyljyk ýogyn sesi barha zarplandy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). ZARPLY, 1. Zarp bilen çykýan, güýçli, baty.Birden mekdebiň agzyndan zarply signal sesi çykdy.(A. Durdyew, Saýlanan eserler).Şuwlap gelýän ýel,biçak zarply, edil aldajy ýaly duýulýardy, (sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Bat bilen, batly, çalt,gaty. Zarply akýan Dneprden hem geçipdim («Sowet türkmenistany» gazeti). ZARPÇY, Öz normasyny artygy bilen ýerip, işde özgelere görelde bolýan, sotsialistik önümçiliginiň tehnikasyny ele alan, öňde baryjy işgär. ZARPÇYLYK, Önümçilikde sotsialistik ýaryşyň praktiki usuly hökmünde zarpçylaryň köpçülikleýin hereketi. Zarpçylykdan ýalpyldaýar döşlermiz, gahrymany biziň ýaşlarmyz (Nury Annagylyç, saýlanan eserler). Hemişe zarpçylyk bularyň käri.(A. Salyh, Saýlanan eserler). ZARYN [za:ry:n], 1. Rehim indiriji, nalyşly, ýüregiňi gyýyp barýan. 2. Naýynjar eşidilýän, gaýgyly. Aýsoltanyň degşimesine düşünmedik Begenjiň, sesi zaryn çykdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Daşarda ýazyň parç bolan gök otlarynyň üstünde bir ýerde ýigitleriň oturyp çalýan dutarlarynyň zaryn sesi ýaňlanýardy. (A. Gowşudow, MähriWepa). ZARYNLAMAK [za:rynlamak], Zaryn ses bilen zeýrenmek, nalyş edip aglamak, ahy-nala çekmek, Ol öz ýanyndan: Artyk jan ýetiş! diýip zarynlandy. Garry onuň syýyndan ýapyşyp zarynlady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). ZARYNLAŞMAK [za:ry:nlaşmak], Zaryn ses bilen zeýrenişmek, köp bolup ahy-nala çekmek. ZARYNLYK [za:ry:nlyk], Adamyň gaýgyly, naýyjar, ýürek gyýdyryjy hal-ýagdaýy. Şol gyzdaky bolan gaýgy-gussa, sesindäki eşidilýän zarynlyk Hawriň öz gaýgysyny unutdyrdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Gyzyl aga zarynlyk bilen sorady («Sowet edebiýaty» žurnaly). ZARYNÇ [za:rynç], Nalyşly, ýürek gyýdyryjy,zeýrenç. Nurjahanyň zarynjyny eşidende, oňa göwünlik berýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ZARÝA'D, fiz. Haýsy hem bolsa bir jisimdäkäki bar bolan elektrik togunyň mukdary. Položitel zaryad. Elektrik zarýady. ZARÝA'DKA, Esasan ir bilen geçirilýän fiziki gimnastika maşklarynyň jemi. Irki zarýadka. |