SÖZLÜG ;

ZAB

ZAW

ZAG

ZAÝO

ZAŽ

ZAZ

ZAK

ZAL

ZAM

ZAN

ZAŇ

ZAŇŇ

ZAP

ZAR

ZAT

ZAH

ZAÇ

ZAÝ


ZAÝA [za:ýa], 1. Harap bolan, ynjamak netijesinde derde ýaramaýan, hatardan çykan, isrip bolan, yrýa. Pagtadyr Watanyň geregi — görki,  Ýekeje übtügem bolmasyn, zaýa (N. Pomma, Saýlanan eserler) . Ol ekinleriniň zaýa etmän ýygnaýar (K. Jumaew, Dört dogan).Zaýa bolan önüm. 2. Ýoldan çykan, azan, ahlak taýdan bozulan.


ZAÝAWKA, Gerek bolan zat üçin desläp soralyp ýazylýan hat. Arada raýonyň zaýawkasy boýunça 1200 çüýşe limonad çykardyk.(«Tokmak» žurnaly) .Zaýawkalar , 48— 01 telefon arkaly hem kabul edilýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ZAÝALAMAK [za:ýalamak], 1. Harap etmek, harama çykarmak; yrýa etmek, isrip etmek. Ýagyş dogrudan hem ir ýagýardy we ýollary zaýalapdy («Sowet edebiýaty»  žurnaly). Seniň etiňi zaýalamanjyk iýip gutararyn (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

2. Zyýan ýetirmek, hatardan çykarmak, bozmak, döwmek. Gullaryny zähmet gurallaryny zaýalaýardylar (Gadymy dünýä taryhy).

3. Ýoldan çykarmak, azdyrmak (ahlak hakda). Arak ony gaty zaýalapdyr.


ZAÝALANMAK [za:ýalanmak], 1. Harama çykmak, harap bolmak; yrýa bolmak, isrip bolmak. Yzgar tranşeýa düşmeli däldir, çünki yzgar düşse, çybyklar zaýalinýar (N.Garýagdyew, Tut agaçlaryny oturtmagy giňeltmeklik TSSR-de ýüpekçiligi ösdürmegiň esasydyr).

2. Zyýan ýetirilmek, hatardan çykarylmak, bozulmak, döwülmek. Rim ýollary kem-kemden zaýalanyp, berbat bolupdyr (Orta asyrlar taryhy).

3. Ýoldan çykmak, ahlak taýdan bozulmak, azmak. Eger her bir doňuz onuň burnuna çilim dürtüp ýörjek bolsa, ol derrew zaýalanyp gitmezmi? (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


ZAÝALATMAK [za:ýalatmak], 1. Bir zadyň zaýalanmagyna sebäp bolmak, bir zady zaýa etdirmek. Bakyp görüň, ýagşy açyp gözlerňiz, Mugthorlara zaýalatmaň gallany (Mollamurt, Saýlanan eserler).

2. Zyýan ýetirtmek, hatardan çykartmak, bozdurmak, döwdürmek.

3. Ýoldan çykartmak, azdyrtmak.


ZAÝAÇYLYK [za:ýaçylyk], Zaýa edilmegiň, harap edilmegiň netijesi, harapçylyk,    bozuklyk.Gowaçalaryň hatar aralary bejerilende, zaýaçylyga ýol berilmeli dälir («Sowet Türkmenistany» gazeti). Bular ýüplük timekde, egirmekde, dokamakda   bolýan zaýaçylyklaryň garşysyna göreşip, öz aralarynda sotsialistik ýaryşy yaybaňlandyrdylar. (A. Durdyew, Saýlanan eserler).